Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

  • 09.10.2025 11:25
  • 4.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklaýan Karara gol çekdi.

8-nji oktýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew Konsepsiýanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Konsepsiýanyň esasy maksady sanly infrastrukturany ösdürmekden, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Konsepsiýada halkara standartlara, milli bähbitlere laýyklykda, sanly ykdysadyýet babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim we ylym ulgamyny, sanly lukmançylygy, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, maglumat geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlary çekmek göz öňünde tutulýar.
Resminama laýyklykda, degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Konsepsiýada bellenen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


düýn 15:48
3.8k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......