Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi

  • 09.10.2025 17:22
  • 2.9k+

Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy.

Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi. Bu model 1977-nji ýylda düşürilen “Meni söýen içaly” (“The Spy Who Loved Me”) atly Jeýms Bond baradaky filmde kowalaşyk we suwuň astyndaky sahnalar arkaly meşhurlyk gazandy.
Kuzowy şekili boýunça S1-e meňzeş bolsa-da, köp elementler soňrakky Esprit nesillerinden alyndy. 50 awtoulagyň ählisi üçin donor hökmünde 1996–2004 ýyllar aralygynda çykarylan Esprit S4 V8 ulanylar. 3,5 litrlik turbomotorly V8 (355 at güýji) doly täzeden işlenip taýýarlanyldy, bu bolsa awtoulagyň dinamikasyny we gündelik sürüş amatlylygyny ýokarlandyrýar.
Salonynda deri we alkantradan taýýarlanan bezegler, alýumin elementleri, Apple CarPlay bilen enjamlaşdyrylan multimediýa ulgamy, kondisioner hem-de daş-töweregi doly görkezip bilýän kamera ulgamy bar. Esasy aýratynlyklaryň biri bolan öňe çykýan faralar saklanyp galdy, emma olar häzirki zaman LED bloklary bilen enjamlaşdyryldy.
Jemi 50 sany şeýle restomod öndüriler, her biriniň bahasy azyndan 430 müň funt sterling (takmynan 540 müň dollara) deň bolar.


19.07.2025 07:16
6.4k+

“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy

“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy...

20.05.2025 14:51
2.2k+

Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer

Al Paçino italýan awtoulag brendini esaslandyryjylara bagyşlanan “Doganlar Mazeratiler” terjimehal filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. “Çokundyran atanyň” (“Крестный отец”) ýyldyzy 1914-nji ýylda esaslandyrylan Maserati kompaniýasynyň esasy maýadarlaryndan biri Winçenso Wakkaronyň keşbini ýerine ýetirer...

15.02.2025 20:10
8.9k+

«Forsažyň» birinji filmindäki ulaglar soňky filmde hem ulanylar. Franşizanyň 11-nji filmi çykýar

«Forsaž» franşizasynda Dominik Torettonyň keşbini ýerine ýetirýän aktýor Win Dizel final bölümiň surata düşürilşine degişli wideorolik paýlaşdy. Wideoda final bölümde ulanylmagy çaklanylýan, «Forsažyň» birinji...

24.10.2024 19:25
3.6k+

“Ferrariniň” prodýuseri Bugatti hakda film surata düşürer

“Lamborgini: rowaýaty adam” we “Ferrari” filmleri bilen tanalýan italiýaly prodýuser Andrea Ierwolino premium awtomobilleriň taryhy bilen baglanyşykly nobatdaky taslama girişdi. Bu gezek ol Bugatti kompaniýasyny...