“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy

  • 19.07.2025 07:16
  • 6.5k+

“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy.

Veilside kompaniýasyndan seýrek týuninge eýe bolan mämişi-gara Mazda RX-7 “Forsaž” franşizasynyň üçünji filminde ulanyldy we Han atly gahrymana degişlidi. Bilermenler bu ulagyň taryhda iň gymmat Mazda RX-7 bolup biljekdigini çaklaýar.
2006-njy ýylyň filmini düşürmek üçin RX-7 FD-niň esasynda Veilside Fortune modelinden iki nusga döredildi. Auksionçylaryň maglumatlaryna görä, satylan awtomobil saklanyp galan ýeke-täk nusga boldy. Ol diňe hereketsiz sahnalar we uly planlar üçin ulanyldy.


Film düşürilip bolandan soň, awtomobil bir adam tarapyndan satyn alyndy, ol 2008-nji ýylda ony Beýik Birtaniýa getirdi. Şondan bäri ulag onuň eýeçiliginde bolup, gowy ýagdaýda saklandy. 280 at güýjüni berýän hereketlendiriji RE Amemiya ýapon týuning-atelýesinde kämilleşdirildi.
Kinofranşizanyň filmlerinde peýda bolan iň gymmat ulag iki gapyly Nissan GT-R R34-dir. Ony “Forsaž 4-de” Pol Uokeriň gahrymany dolandyrdy. Ol 2023-nji ýylda 1,36 mln dollara satyldy. 


düýn 15:52
2.3k+

“60 sekuntda alyp gaçmak” filmindäki nusgawy Mustang Eleanor täzeden janlanýar

2025-nji ýylda meşhur “60 sekuntda alyp gaçmak” («Угнать за 60 секунд») filminiň remeýkiniň çykanyna 25 ýyl dolýar. Film Eleanor Mustang modeline hakyky meşhurlyk getirdi. Cinema Muscle Recreations kompaniýasy Eleanor GT500 atly baýramçylyk neşiriniň diňe 25 sany aýratyn nusgasyny çykaryljakdygyny mälim etdi...

09.10.2025 17:22
2.9k+

Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi

Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi...

20.05.2025 14:51
2.2k+

Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer

Al Paçino italýan awtoulag brendini esaslandyryjylara bagyşlanan “Doganlar Mazeratiler” terjimehal filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. “Çokundyran atanyň” (“Крестный отец”) ýyldyzy 1914-nji ýylda esaslandyrylan Maserati kompaniýasynyň esasy maýadarlaryndan biri Winçenso Wakkaronyň keşbini ýerine ýetirer...

15.02.2025 20:10
8.9k+

«Forsažyň» birinji filmindäki ulaglar soňky filmde hem ulanylar. Franşizanyň 11-nji filmi çykýar

«Forsaž» franşizasynda Dominik Torettonyň keşbini ýerine ýetirýän aktýor Win Dizel final bölümiň surata düşürilşine degişli wideorolik paýlaşdy. Wideoda final bölümde ulanylmagy çaklanylýan, «Forsažyň» birinji...