Jeep ýokary dinamiki aýratynlyklary bolan Recon SUV ulagyny çykardy. Bu Wagoneer S krossowerinden soň demirgazyk amerikan bazarynda kompaniýanyň ikinji doly elektrik modeli boldy.
Täze awtomobiliň aýrylýan gapylary, üçegi we yzky aýnasy bar.
Recon 650 a.g. kuwwatly iki elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi – bu şol bir STLA Large platformasynda gurlan Wagoneer S-den 50 a.g. köpdür. Awtomobil 100 km/sag çenli tizligini 3,7 sekuntda artdyrýar, 100 kWt/sag sygymly akkumulýator bolsa bir zarýadda 400-450 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Deňeşdirmek üçin, Wagoneer S-niň bat alyş tizligi 3,4 sekunt, ýol ätiýajy 480 km.
Recon öndürijiden awtomobiliň suw päsgelçiliklerini we çylşyrymly ýollary geçip bilýändigini tassyklaýan Trail Rated nyşanyny aldy.
Täze awtoulagyň yzygiderli önümçiligi 2026-njy ýylyň başynda başlar.
Ilkinji wersiýa Moab 65 müň dollar bolup, 33 dýuýmlyk tekerler, tekerara differensialy blokirlemek ulgamy we ýolsuz ýerden sürmek üçin kömekçi toplumy bilen üpjün edildi. Giriş we çykyş burçy 34 we 34,5 gradus bolup, ýerden beýikligi 237 mm barabar.
Awtomobiliň salony berk materiallardan taýýarlandy, oturgyçlaryň aşagynda dinamikler bilen Alpine audioulgamy oturdyldy, 14,5 dýuýmlyk merkezi ekran bolsa önümçilik Jeep ulaglarynyň taryhynda iň uly displeý boldy.