Toni Starkyň «Ar alyjylar» filmindäki rodsteri auksiona çykaryldy

  • şu gün 15:14
  • 1.2k+

2012-nji ýylda surata düşürilen «Ar alyjylar» filminde Toni Starkyň/Demir adam-yň sürýän goýy gyzyl reňkli Acura NSX rodsteri ýakyn wagtda auksiona çykarylar.
Ýatladyp geçsek, filmde gahrymanyň roluny Robert Dauni-kiçi ýerine ýetiripdi.
Acura-nyň wekilleri bu özboluşly awtoulagyň ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky Sandens kinofestiwalyna getiriljekdigini yglan etdiler. Ol Grand Hyatt Deer Valley myhmanhanasynda geçirilýän her ýylky haýyr-sahawat çäresinde görkeziler. Söwdalar Cars & Bids platformasynda geçiriler we gazanylan serişdeler haýyr-sahawat işlerine gönükdiriler.


Rodster NSX-iň ikinji nesliniň häzirki modeline meňzese-de, aslynda ol sagatda 400 000 km-den gowrak ýol geçen, NSX-iň 1991-nji ýyldaky birinji nesline degişlidir. Sport awtoulagy aýna plastikden we rezinden ýasalan düýbünden täze kuzowy, asyl 18 dýuýmlyk tekerleri we täze oturgyçlary bilen tapawutlanýar.
Ulagda henizem filmdäki Stark 33 ýazgyly belgi dur, bu bolsa Marvel kino äleminiň janköýerlerine ony derrew tanamaga mümkinçilik berýär.


23.11.2025 23:16
4.1k+

Jeep aýrylýan gapyly we sportkar ýaly bat alyş tizligi bilen Recon ulagyny çykardy

Jeep ýokary dinamiki aýratynlyklary bolan Recon SUV ulagyny çykardy. Bu Wagoneer S krossowerinden soň demirgazyk amerikan bazarynda kompaniýanyň ikinji doly elektrik modeli boldy. Täze awtomobiliň aýrylýan gapylary, üçegi we yzky aýnasy bar...

25.10.2025 15:52
4.8k+

“60 sekuntda alyp gaçmak” filmindäki nusgawy Mustang Eleanor täzeden janlanýar

2025-nji ýylda meşhur “60 sekuntda alyp gaçmak” («Угнать за 60 секунд») filminiň remeýkiniň çykanyna 25 ýyl dolýar. Film Eleanor Mustang modeline hakyky meşhurlyk getirdi. Cinema Muscle Recreations kompaniýasy Eleanor GT500 atly baýramçylyk neşiriniň diňe 25 sany aýratyn nusgasyny çykaryljakdygyny mälim etdi...

09.10.2025 17:22
3k+

Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi

Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi...

19.07.2025 07:16
6.6k+

“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy

“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy...