OpenAI "Sora" arkaly döredilen keşplerden girdeji gazanmaga mümkinçilik berer

  • 09.10.2025 16:59
  • 1.1k+

Emeli aň arkaly döredilen mazmunlar bilen işlemekde awtorlyk hukugyny goramak meselesi häzirki wagtda iň maslahatlaşylýan mowzuklaryň biri bolmagynda galýar. OpenAI keşpleri döredijilere "Sora" serwisinde olaryň ulanylyşyna has köp gözegçilik hukugyny bermek meýilleri barada mälim etdi. Sora – emeli aň arkaly wideo döretmäge niýetlenen gural bolup durýar.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Sem Altman hukuk eýeleriniň Sora ulgamynda öz keşpleriniň ulanylyşyny çäklendirip biljekdigini ýa-da olary töleg esasynda peýdalanmaga rugsat berip biljekdigini aýtdy. Mysal üçin, telekompaniýalar we kino studiýalary öz gahrymanlarynyň göçürilmegini gadagan edip bilerler. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, Disney studiýasy eýýäm mazmunyny şu usul bilen goramak isleýär.
Altman OpenAI-niň şeýle hem monetizasiýa (girdeji gazanmak) mehanizmini işläp taýýarlap başlandygyny aýtdy: keşpleriniň ulanylmagyna rugsat berýänler, awtorlyk hakyna meňzeş baýraga – roýalti görnüşinde girdeji alyp bilerler.
Onuň sözlerine görä, Sora arkaly wideo döretmäge bolan gyzyklanma garaşylýandan has ýokary bolup çykdy. Köp ulanyjylar özara çäkli tomaşaçy topary üçin wideolar döredýärler. Şonuň üçin aýdyň düzgünleriň we gazanç mümkinçilikleriniň bolmagy zerur hasaplanýar. Şol bir wagtda, Altman monetizasiýanyň täsirli modelini gysga wagtda tapmagyň mümkin däldigini belläp, iň amatly görnüşini saýlap tapmak üçin kompaniýanyň dürli synaglara taýyndygyny aýtdy.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......