“Barselona” möwsümde €994 mln gazandy, şonuň diňe €2 mln-y arassa girdeji

  • 09.10.2025 16:06
  • 5.8k+

Kataloniýanyň “Barselonasynyň” metbugat gullugy geçen möwsümiň maliýe netijeleri barada hasabat berdi. Klubuň operasion girdejileri 994 mln ýewro, arassa operasion girdeji bolsa bary-ýogy 2 mln ýewro boldy.

Bellenilişi ýaly, Nike bilen hemaýatkärlik şertnamasy kluba 259 mln ýewro getirýär.
Şol bir wagtyň özünde, “Barselona” öňki möwsümi (2023/24) 91 mln ýewro ýitgi bilen tamamlapdy.
Klub geçen möwsümde Ispaniýanyň çempiony boldy we UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ýarym finala ýetip, Italiýanyň “Interinden” utuldy.
Täze möwsümde La Liganyň sekiz tapgyryndan soň kataloniýalylar ýaryş jedwelinde ikinji orny eýeleýär. Ondan öňde iki utuk aratapawut bilen Madridiň “Realy” bar. 


düýn 20:28
6.6k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.8k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....