Apple täze mahabatynda “mawy ölüm ekrany” üçin Windows-y ýaňsylaýar

  • 10.10.2025 09:20
  • 2.9k+

Apple komediýa görnüşinde 8 minutlyk mahabat wideosyny çykardy. Onda kompaniýa ulgam bökdençliginde peýda bolýan hemmelere belli bolan “mawy ölüm ekrany” (Blue Screen of Death, BSOD) üçin Windows kompýuterlerini ýaňsylaýar.

Mahabatda Apple-iň önümleriniň kömegi bilen üstünlige tarap ýolda kynçylyklary ýeňip geçýän toslanyp tapylan ofis işgärleriniň topary - “The Underdogs” peýda bolýar. Olaryň Container Con sergisindäki ilkinji çykyşy Windows kompýuterlerinde bökdençlikleriň ýüze çykyp, BSOD-y görkezmegi sebäpli şowsuzlyga ýakynlaşýar. Ýöne ýüze çykan mesele Mac ulanyjylaryna täsir etmeýär, netijede topar wezipeden üstünlikli baş çykarýar.
Wideoda şeýle diýilýär: “Eger siziň PK-ňyz möhüm iş wagty bökdeýän bolsa, belki, Mac-y barlap görmegiň wagty gelendir.
Kampaniýa, aýratynam, korporatiw sektorda Windows ulanyjylaryna gönükdirilýär. Apple M seriýaly çipleriň ýokary öndürijilik, energiýa taýdan netijelilik we durnuklylyk bilen tapawutlanýandygyny hem-de BSOD ýaly näsazlyklara duçar bolmaýandygyny belleýär.
“Mawy ölüm ekrany” ilkinji gezek ulgam ýalňyşlygy barada duýduryş hökmünde Windows-yň irki wersiýalarynda peýda boldy. Iň belli ýagdaý Windows 98-iň tanyşdyrylyşynda bolup geçdi, şol wagt ulgam Bill Geýtsiň bar wagty göni tanyşdyrylyş wagty bökdedi. Köpçülik muňa şowhunly el çarpyşmalar bilen seslendi, kompaniýanyň wekili bolsa ötünç sorap, munuň entek ulgamyň işlenilýän wersiýasydygyny düşündirdi.
Wagtyň geçmegi bilen Microsoft ekranyň daşky görnüşini üýtgetdi, Windows 11-de bolsa ol gara boldy.
Ulanyjylar Apple-iň täze mahabatyny geçen ýyl CrowdStrike howpsuzlyk täzelenmesinden soň ýüze çykan Windows kompýuterlerindäki global bökdençlige kakdyrma hökmünde kabul etdi.
Häzir BSOD seýrek duşýar, ýöne Apple-iň mahabaty Windows 10-uň goldawynyň tamamlanmagy we Windows 11-e geçilende käbir çäklendirmeleriň bolmagy bilen gabat geldi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa enjamy täzelemek ýa-da ekoulgamy çalyşmak meselesi bilen ýüzbe-ýüz boljak ulanyjylary hem özüne çekmäge çalyşýar. 


17.03.2026 20:39
761

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...