Germaniýanyň Bundestagy üç ýylda raýatlyk almak mümkinçiligini ýatyrýar

  • 09.10.2025 18:23
  • 8.3k+

Germaniýanyň Bundestagy ýurduň migrasiýa kanunçylygyna üýtgetmeleri tassyklady, ol üýtgetmeler üç ýylyň içinde tizleşdirilen tertipde nemes raýatlygyny almak mümkinçiligini ýok edýär, diýip Deutsche Welle habar berýär.

Düzedişleriň güýje girmegi üçin olary indi Germaniýanyň federal döwletleriniň wekillerinden ybarat Bundesrat hem tassyklamaly.
Ýatladyp geçsek, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda mejlis raýatlyk almagyň tertibini ýönekeýleşdirýän kanuny kabul edipdi. Ol kanun daşary ýurtlulara C1 derejesinde nemes dilini bilmek we meýletinçilik işlerine gatnaşmak ýaly şertleri ýerine ýetiren ýagdaýynda, üç ýylyň içinde nemes pasportyny almaga mümkinçilik berýärdi.
Emma 2025-nji ýylyň ýazynda konserwatiw CDU/CSU fraksýasy bilen dolandyryjy koalisiýany döreden Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň wekilleri bu maddany ýatyrmak barada ylalaşdylar. Netijede, Germaniýa indi raýatlyk almak üçin has uzak wagtlyk ýaşaýyş talaplaryny öňe sürýän öňki düzgünlere dolanýar.


27.05.2026 14:41
6.6k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......

24.05.2026 00:07
8.2k+

Gresiýanyň kenarlarynda ýatylýan oturgyçlary we saýawanlary ulanmak gadagan edildi

Gresiýanyň häkimiýetleri kenarýaka zolaklary goramak baradaky täze düzgünleriň çäginde ýurduň 251 sany plýažynda şezlonglary (ýaylýan oturgyçlary) we Günden goraýan saýawanlary ulanmagy düýbünden gadagan etdi....