Tesla “iň elýeterli” elektrokarlaryny – Model Y Standard we Model 3 Standard ulaglaryny görkezdi

  • 09.10.2025 15:01
  • 2.9k+

7-nji oktýabrda Tesla “iň elýeterli” hasaplanýan Model Y Standard we Model 3 Standard elektrokarlaryny hödürledi.

“Ýokary derejede pes baha, howpsuzlyk we Tesla-nyň size ýaraýan iň gowy funksiýalary” – diýlip, kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky habarynda aýdylýar. Ýöne täze ulaglar Ilon Maskyň wada bereninden has gymmat bolup çykdy – olar premium modellerden, takmynan, 5 müň dollar arzan bolup, şol bir wagtyň özünde-de adaty aýratynlyklaryň köpüsinden mahrum edilen diýip, The Verge ýazýar.

Model Y Standard üçin baha 40 müň dollardan, Model 3 Standard – 37 müň dollardan başlaýar, ýöne bu bahalar eltme hyzmatyny we dürli ýygymlary hasaba almaýar. Ilkinji üpjünçilik 2025-nji ýylyň dekabryna meýilleşdirilýär.
Elektrokarlaryň ikisiniň-de ýol ätiýajy, takmynan, 515 km barabar. Şeýle-de, olar 15,4 dýuýmlyk multimedia ekranyna, Grok-yň esasynda ses kömekçisine, öňdäki oturgyçlarda we rulda ýyladyjy ulgama hem-de dokmadan we eko-deriden iki reňkli salona eýe boldy.
Şol bir wagtyň özünde ýönekeýleşdirilen wersiýalarda öňdäki we yzky yşyk zolaklary, ýygnalýan elektrik aýna, ikinji hatar üçin displeý we gapylardaky yşyklandyryş aýryldy. 19 dýuýmlyk diskler 18 dýuýmlyk bilen çalşyldy. Sürüjä kömek ulgamynda ruly awtomatik sazlamak funksiýasy elýeterli däl.
Model Y Standard-da üçegiň panorama aýnasy ýok; Model 3 Standard-da bolsa bar. Reňkler çal, ak (+1000 dollar) we gara (+1500 dollar) bilen çäklenýär.
Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask köp ýyllar kompaniýanyň 25 müň dollardan arzan elektrokarlary çykarjakdygyna wada berdi we kompaniýanyň şeýle awtomobilden ýylda 20 milliondan gowragyny öndürip biljekdigini aýtdy. Ýöne soňlugy bilen Mask has arzan Tesla elektrokaryny döretmegi haýallatdy we şeýle awtomobiliň önümçiliginiň asla gerekdigine şübhelendi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......