Ilon Mask: Grok eýýäm 2026-njy ýylda ýarym sagatlyk filmleri döredip biler

  • 09.10.2025 18:12
  • 3.5k+

Ilon Mask Grok AI-niň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tomaşa edip boljak wideo-filmleri döredip biljekdigini, 2027-nji ýylda bolsa hakykatdanam ýokary hilli filmleriň peýda bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Bu barada ol X sosial ulgamynda ýazdy.

Maskyň sözlerine görä, xAI özüniň emeli aň modelini kämilleşdirýär. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ýazynda beta-wersiýadan çykmagyna we 30 minutlyk talabalaýyk wideo döretmäge ukyply bolmagyna garaşylýar. Şonda kompaniýa Grok Imagine ulanyp döredilen ilkinji wideo oýnuny çykarmagy meýilleşdirýär.
Milliarder ulgamyň soňky döwürde möhüm täzeleniş alandygyny hem aýtdy, ýöne jikme-jiklikler bilen paýlaşmady.
Grok 230 000 GPU bilen Colossus 1 superkompýuterinde tälim alýar, munuň üçin 30 000 Nvidia GB200 çipi goşulýar. Netijeleri döretmek üçin hasaplamalar bulut hyzmatlary arkaly amala aşyrylýar.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

14.05.2026 20:49
2.6k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

04.05.2026 11:12
1.4k+

Lego konstruktory stratosfera uçurylandan soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

“Awe Mariýa” taslamasy” («Проект “Аве Мария”») filminiň sýužeti esasynda döredilen Lego konstruktory stratosfera uçuşyndan soň dünýä rekordyny goýdy....