Kia ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiligini bes edýär. Onuň mirasdüşeri bolmaz

  • 09.10.2025 18:10
  • 2.2k+

Kia eýýäm oktýabr aýynda ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiliginiň bes ediljekdigini mälim etdi. Dilerlerde galan ätiýaçlyklar gutaran dessine, modeli satmak bes ediler. Munuň dünýä bazaryna täsir edip-etmejegi heniz belli däl, ýöne Motor1 Soul brendiň täzelenen model syýasatynyň pidasy boldy diýip hasaplaýar.

Soul 2008-nji ýylda peýda bolupdy we dürli ýyllarda dünýäniň birnäçe zawodlarynda öndürilipdi. Bu gün modeliň diňe Günorta Koreýada öndürilýän üçünji nesli hödürlendi.
2015-nji ýylda Soul-yň önümçiligi bir milliondan geçdi, ABŞ-da bolsa olaryň  umumy satuwy 1,5 milliondan geçdi. Öz döwründe Soul amerikan bazaryndaky iň meşhur ykjam krossowerleriň biri bolupdy.
Modelden ýüz öwrülmegi Kia-nyň elektrik ulaglaryny ösdürmek we ulag hataryny täzelemek babatdaky ugry bilen baglanyşykly. Käbir bazarlarda Soul-yň ornuny onuň gytaklaýyn mirasdüşeri hasaplanýan Seltos krossoweri we K4 hetçbegi eýelär.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......