AMD-nyň paýnamalary OpenAI bilen köp milliardlyk şertnamadan soň 30% ýokarlandy

  • 09.10.2025 16:02
  • 1.1k+

AMD-nyň (Advanced Micro Devices) paýnamalary OpenAI bilen uly şertnama baglaşylandygy belli bolandan soň 30%-den gowrak gymmatlady. Sem Altmanyň startapy çip öndürijisiniň paýnamalarynyň 10%-ine çenli satyn almak hukugyna eýe boldy we bu oňa serwislerini ösdürmek üçin hasaplaýyş güýçleriniň ýetmezçilik etmek meselesini çözmäge kömek eder.

Şertnamanyň şertlerine görä, OpenAI bir paý üçin 0,01 dollar bahadan AMD-yň 160 mln adaty paýnamasyny satyn alyp biler. Satyn alyş tapgyrlaýyn bolar we paýnamalaryň bahasyna hem-de OpenAI-iň AMD kompaniýasyndan Instinct tizleşdirijilerini näderejede işjeň satyn ýa-da kärendesine aljakdygyna bagly bolar. OpenAI şertleri doly berjaý eden ýagdaýynda AMD-yň paýnamalarynyň, takmynan, 10%-ini alar.
Hyzmatdaşlyk OpenAI-iň maglumat merkezlerinde umumy kuwwaty 6 GWt bolan AMD Instinct grafiki prosessorlaryny ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar. Birinji tapgyrda 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda 1 GWt kuwwatly enjamlary gurnamak meýilleşdirilýär, şondan soň OpenAI bölünip berlen paýnamalaryň bir böleginden peýdalanyp biler.
OpenAI-iň prezidenti Greg Brokman hasaplaýyş güýçleriniň ýetmezçilik etmeginiň ChatGPT-niň täze funksiýalaryny we beýleki önümleri işe girizmekde päsgelçilik döredýändigini aýtdy. Kompaniýanyň wekili şertnamanyň bahasynyň “milliardlarça dollar” bilen bahalandyrylýandygyny habar berdi, ýöne takyk mukdary getirmedi.
OpenAI bilen hyzmatdaşlyk yglan edilenden soň, Nasdaq biržasynda AMD-yň paýnamalarynyň bahasy 37,6% ýokarlanyp, iň ýokary derejesinde 226,56 dollara ýetdi. Soňra ösüş 29%-e çenli peseldi.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
988

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......