Google programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny özbaşdak düzedýän EA agentini döretdi

  • 09.10.2025 16:19
  • 1k+

Google DeepMind barlaghanasy programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary özbaşdak tapyp, düzedip bilýän CodeMender EA agentiniň iş netijelerini hödürledi. Bu barada SiliconANGLE neşiri ýazýar.

Taslama DeepMind-yň howpsuzlyk bilen bagly OSS-Fuzz we Big Sleep ýaly işläp taýýarlamalarynyň yzyny dowam etdirýär. Ol ýalňyşlyklary awtomatik tapmak we hatda howply ýerleri gaýtadan ýazmak üçin Gemini modeliniň mümkinçiliklerini kod seljeriş usullary bilen birleşdirýär.
CodeMender entek synag tapgyrynda bolsa-da, ol eýýäm açyk başlangyç kodly taslamalara 72 düzediş iberdi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, agent programmistlere gowşaklyklary gözlemäge we düzetmäge wagt sarp etmän, täze çözgütlere ünsi jemlemäge kömek edýär.
Ulgam diňe bir tapylan meselelere jogap bermän, eýsem koda öňünden üýtgeşmeleri girizip, birtopar meseleleriň öňüni alyp bilýär. Ähli üýtgeşmeler awtomatik we el barlagyndan geçýär. Eger agent ýalňyşsa, ol öz düzedişlerini hem düzedip bilýär.
DeepMind munuň taýýar önüm däl-de, entek synag guralydygyny belleýär.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......