Müsüriň milli ýygyndysy möhletinden ir 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy

  • 09.10.2025 18:29
  • 10k+

Müsüriň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmagyny kepillendirdi. Saýlama ýaryşynyň dokuzynjy tapgyryndan soň topar 23 utuk gazanyp, A toparçada möhletinden ir birinji orny eýeledi, ol Burkina-Fasodan bäş utuk öňe geçdi.

Müsürliler soňky oýunda Jibutini 3:0 hasabynda utdy. Iki goly toparyň esasy ýyldyzy, “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohammed Salah, ýene birini Ibragim Adelýa geçirdi. Bu toparlaryň ilkinji duşuşygynda-da Müsür 6:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Dokuz tapgyryň dowamynda topar diňe iki gezek utuk ýitirdi: Burkina-Faso we Gwineýa-Bisau bilen deňme-deň oýnady.
Müsür üçin bu 2018-nji ýyldan bäri ilkinji DÇ bolar. Şol wagt topar Russiýada toparlaýyn tapgyra çykyp bilmedi. Katarda geçirilen geçenki dünýä çempionatyny hem müsürliler sypdyrdy. Muňa garamazdan, yklymda milli ýygyndy iň güýçlüleriň biri bolmagynda galýar – ol ýedi gezek Afrikan milletleriniň kubogyny utdy.
Müsür öňümizdäki dünýä çempionatynyň 19-njy gatnaşyjysy boldy. Olaryň hatarynda ýaryşyň ýer eýeleri – Kanada, Meksika, ABŞ, şeýle-de Argentina, Braziliýa, Urugwaý, Kolumbiýa, Eýran, Özbegistan, Ýaponiýa, Täze Zelandiýa, Günorta Koreýa, Iordaniýa, Awstraliýa, Ekwador, Paragwaý, Marokko we Tunis bar. Ýaryş 2026-njy ýylyň tomsunda geçiriler. 


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......