Alymlar bir öýi bir günläp energiýa bilen üpjün edip bilýän beton batareýasyny döretdiler

  • 09.10.2025 17:10
  • 5.6k+

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary öň işlenip düzülen elektron geçiriji uglerodly betony (ec3) kämilleşdirdiler. Bu işläp taýýarlama öýüň binýadyny ýa-da diwarlaryny energiýa saklaýan enjama öwürýär diýip, New Atlas habar berýär.

Täze görnüşdäki material 2023-nji ýyldaky prototip bilen deňeşdirilende dokuz esse köp energiýa saklap bilýär. Indi ortaça bir öýüň bir günlük elektrik sarp edişini kanagatlandyrmak üçin bary-ýogy bäş kub metr beton (takmynan ýerzeminiň diwary ýaly möçber) ýeterlikdir. Öň bu görkeziji 45 kub metre deňdi.
Bir kub metr ec3 betony 2 kW·s-den gowrak energiýa saklap bilýär — bu, mysal üçin, bir günüň dowamynda sowadyjy enjamyň işlemekligi üçin ýeterlikdir.
Şeýle netije betonyň gurluşynyň optimizasiýasy we degişli elektrolitiň saýlanylmagy arkaly gazanyldy. Elektrolit — sement elektrodlarynyň arasynda ýerleşýän, asetonnitril we dördünji amon duzlaryna esaslanýan organiki birleşme bilen siňdirilen gatlakdyr.
Materialyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin MIT topary gadymy rim arhitektura usulynda bir arka gurdy. Bu arka diňe bir agrama garşy durnukly bolman, eýsem 9 V güýji bolan LED çyrasyny hem işletdi. Agram artdygyça LED çyrasy ýalpyldap başlady, bu bolsa alymlaryň pikiriçe, gurluşyň ýagdaýyny yzarlamak üçin peýdalanylyp bilner.
Alymlar bu tehnologiýanyň beton babatda garaýyşlary üýtgedip, ony adaty gurluşyk materialyndan täzeden dikeldilýän energiýa ulgamynyň bir bölegine öwrüp biljekdigine ynanýarlar.


09.06.2026 23:04
2.6k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......