Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi

  • 09.10.2025 16:49
  • 3.3k+

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi.

Mejlise Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň, Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna häzirki wagta çenli 25-den gowrak döwlet goşuldy. Bu toparyň işi halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, bitaraplyk ýörelgeleri esasynda döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy bähbitleri göz öňünde tutýan bu başlangyçlary ilerletmekde Bitaraplygyň dostlary toparynyň orny we goşandy barada pikir alyşdylar.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
759

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......