Leonardo Di Kaprio gaýta-gaýta görmäge taýýar filmlerini aýtdy

  • 10.10.2025 09:25
  • 8.1k+

Leonardo Di Kaprio BBC neşiri bilen söhbetdeşlikde yzygiderli gaýtalap tomaşa etmäge taýýar filmleri barada aýtdy. Onuň sanawynda ýedi film bolup, olardan aglabasy dünýä kinematografynyň klassyk filmleri diýlip ykrar edildi.

Aktýor italýan neorealizminiň režissýor Wittotio De Siki tarapyndan düşürilen “Welosiped ogrulary” (Похитители велосипедов / 1948) filmini, şeýle-de Ýasudziro Odzunyň “Tokio kyssasy” (Токийская повесть / 1953) ýapon dramasyny belledi.
Mundan başga-da, aktýoryň gowy görýän filmleriniň arasynda şular bar – Stenli Kubrigiň “2001-nji ýylyň kosmos odisseýasy” (Космическая одиссея 2001 года / 1968), Alfred Hiçkokyň “Başaýlanma” (Головокружение / 1958), doganlar Koenleriň “Uly Lebowski” (Большой Лебовски / 1998), şeýle-de Martin Skorsezeniň iki nusgawy işi – “Gowy oglanlar” (Славные парни / 1990) we “Taksi sürüjisi” (Таксист / 1976) filmleri.
Di Kaprio özi üçin kinonyň döredýän atmosferasynyň möhümdigini belledi.

“Gowy kino döretmek örän kyn, ýöne tomaşaçylar birleşip, gahrymanlaryň ýolunda olara duýgudaşlyk bildirer ýaly etmek ondanam kyn” – diýip, aktýor aýtdy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....