Lamborghini futuristik Manifesto ulagynyň suratlaryny görkezdi

  • 09.10.2025 14:30
  • 3.3k+

Lamborghini kompaniýasy Centro Stile dizaýn merkeziniň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredilen nusga-awtoulagy bolan Manifesto-ny hödürledi. Bu ulag önümçilik modeli bolman, eýsem, markanyň geljege bolan garaýşyny görkezýän "dizaýn manifesti" diýlip bellenilýär.

Baş dizaýner Mitýa Borkert Manifesto-ny "arassa heýkeltaraşlyk we stiliň beýany" diýip häsiýetlendirdi. Revuelto ýa-da Fenomeno modelleriniň ýiti çyzyklaryndan tapawutlylykda, täze düşünje ýumşakdan akgynly, okgunly şekilleri bilen tapawutlanýar. Onda hatda duran ýerinde-de hereket duýgusyny döredýän dinamiki sudurlar bar.
Kuzowy açyk sary reňk bilen boýaldy. Öňünde adaty gözenegi we ýaýbaň spoýleri ýok: howa gapdal kanallardan we merkezi aerodinamiki açyklykdan geçýär. Yzky bölegi poluň aşagyndaky uly Wenturi kanaly bilen inçelip gidýär we geljekki superkarlaryň aerodinamikasyna yşarat edip, basyş güýjüni döredýär.
Salony dolulygyna eksperimental, önümçilik awtoulaglarynda bar bolan tanyş elementler ýok we iş ýüzünde durmuşa geçirilmezligi gaty ähtimal. Manifesto önümçilik üçin niýetlenmedi, ýöne onuň görnüşi we proporsiýasy Lamborghini-niň indiki nesli üçin başlangyç nokat bolar.


11.03.2026 17:18
2.4k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...