Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitinde möhüm teklipleri öňe sürdi

  • 10.10.2025 09:59
  • 8.9k+

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy.

Täjigistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri gatnaşdylar.
Prezident Emomali Rahmon sammiti açyp, oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak dialogynyň medeniýetini, açyklygy we ynanyşmagy gaýtadan dikeltmegiň wajypdygyny belläp, bu wezipeleriň häzirki wagtda çylşyrymly bolandygyna garamazdan, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň bilelikde bu maksatlary gazanmaga ep-esli täsir edip biljekdigine ynam bildirdi.
ULAG ulgamy babatda durup geçmek bilen, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

"Bu ulag geçelgesi ähli gatnaşyjylara uly peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde oňa iri Ýewraziýa ulag taslamasynyň bir bölegi hökmünde seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Hazar deňziniň üsti arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Energetika ulgamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletlerimiziň çägi boýunça elektrik energiýasyny ibermek, şeýle hem goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip etdi. Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak babatda-da has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr. Döwlet Baştutany şu barada aýdyp, ýurtlarymyzyň bilelikde toplan, şeýle-de täze tejribeleriniň, ylmy-tehniki gazananlarynyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarynyň bardygyna ynam bildirdi.
Innowasion ulgamda Serdar Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa - Russiýa" formatynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň özara bähbitlilik esasynda senagat pudagyna, oba hojalyk toplumyna, şähergurluşyk, “akylly” şäherleri gurmak ulgamlaryna hyzmatdaşlaryň innowasion mümkinçiliklerini çekmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Ekologik deňagramlylygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň bilelikde köp meseleleri çözmeli ugurlarynyň biri diýlip atlandyryldy. Hazar deňziniň suw derejesiniň pese düşmegi, Araly halas etmek, senagatda we oba hojalygynda howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak çäreleri, daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly meseleler hem-de beýlekiler şolaryň hatarynda görkezildi.
Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhümdigi bellenildi. "Bu gatnaşyklar hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýar, geljek üçin berk esasy döredýär, ýurtlarymyzyň halklarynda, şol sanda ýaşlarda birek-birege hormat goýmagy terbiýeleýär. Biz bu oňyn meýilleri goldamalydyrys we höweslendirmelidiris" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” ýaly hyzmatdaşlyk formatynyň möhümdigine, onuň uly kuwwatynyň bardygyna berk ynanýandygyny tassyklady.
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, çykyşda beýan edilen teklipleriň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana iş sapary dowam edýär.


05.06.2026 17:31
1.5k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....