Dünýäde ilkinji ekşn-kameraly nauşnik peýda boldy

  • 09.10.2025 16:15
  • 4k+

Koloradodan (ABŞ) VibeLens kompaniýasy dünýäde ekşn-kameraly ilkinji nauşnigi – MusicCam-y hödürledi. Häzir gajet KickStarter-de deslapky sargyt üçin elýeterli, doly satuw 2025-nji ýylyň dekabrynda başlar.

Nauşnik “süňk arkaly geçirijilik” boýunça işleýär we işjeň durmuş ýörelgesine eýerýän adamlar üçin niýetlenendir. Garnituranyň sag tarapynda 2K durulyk, 180° syn ediş burçy we ±30° gyşartma sazlamasy bilen Sony IMX219 kamerasy oturdyldy. Şeýle-de, 6 okly durnuklaşdyrma we surata düşürilende ýanýan gyzyl indikator bar.
MusicCam doly suw geçirmeýän bolup, ony 20 metre çenli çuňluga çümdürip bolýar, bu hem basseýnde ýa-da snorkling wagty wideo düşürmäge mümkinçilik berýär. Ähli ýazgylar microSD-de saklanýar ýa-da smartfona iberilýär.
Garnitura suraty, tekste öwürmek mümkinçiligi bilen ses ýazgysyny we sensor dolandyryşy goldaýar. Goşmaça EA sesi basyş, 100-den gowrak dile terjime, ylgaw we welosiped sürmek üçin nawigasiýa, şeýle-de 5.4 wersiýaly Bluetooth birleşmesi bar. Onuň agramy bary-ýogy 50 gram.
600 mA/sag sygymly batareýa 2,6 sagada çenli wideo düşürmäge, 24 sagat ses ýazmaga ýa-da 15 sagat aýdym diňlemäge mümkinçilik berýär. Doly zarýad almak üçin 20 minut töweregi wagt gerek.
MusicCam-yň resmi bahasy 399 dollar, ýöne deslapky sargytlaryň çäklerinde KickStarter-de nauşnigi 199 dollara satyn alyp bolýar. Gara we mämişi reňkler elýeterlidir. 

şu gün 12:35
3.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.8k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......