Nýu-Meksikoda tekiz kelleli ot iýýän dinozawryň täze görnüşi tapyldy

  • 10.10.2025 13:04
  • 5.8k+

Amerikaly we slowakiýaly paleontologlar häzirki Nýu-Meksiko sebitinde takmynan 75 million ýyl ozal ýaşap geçen gadrozawrid dinozawryň täze neslini we görnüşini ýüze çykardylar. Täze görnüşe Ahshislesaurus wimani diýip at berildi.

Gadrozawridler ýa-da ördekburun dinozawrlar, giçki hek döwrüniň iň giňden ýaýran ot iýiji haýwanlarynyň biri hasaplanýar. Olar takmynan 20 million ýyl dowam eden döwürde Demirgazyk we Günorta Amerika, Ýewropa, Afrika, Aziýa hem-de Antarktida ýaly sebitlerde ýaşap geçipdirler.
Ahshislesaurus-yň galyndylary Kirtlend formasiýasynda — A-Şi-Sle-Pa goraghanasynda, Çako kanýony bilen De-Na-Zin goraghanasynyň arasynda tapyldy. Tapylan holotip doly bolmadyk kelleden, birnäçe kelle süňklerinden we boýun oňurgasyndan ybarat. Mundan başga-da, uly we kiçi ýaşly görnüşleriň bölekleýin skeletleriniň we egin süňkleriniň hem bu täze görnüşe degişlidigi çaklanylýar.
Öň bu tapyndylar Kritosaurus görnüşine degişli edilýärdi, ýöne täze filogenetiki derňewiň netijesinde Ahshislesaurus bilen Kritosaurus-yň aýratyn toparlara degişlidigi anyklandy. Olar Naashoibitosaurus bilen birlikde tekiz kelleli zaurolofin gadrozawridleriniň täze bir toparyny emele getirip bilerler.


12.05.2026 23:21
7.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

18.08.2025 15:29
6k+

Meksikada Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagyna sebäp bolan aýylganç gurakçylygyň yzlary tapyldy

Meksikanyň Ýukatan ýarym adasyndaky gowakdaky stalagmit sebitde köp sanly gurakçylyklaryň bolandygyny, şol sanda olaryň biriniň 13 ýyl dowam edendigini ýüze çykardy. Bu gurakçylyk, takmynan, müň ýyl ozal Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagynda möhüm rol oýnap biler diýip, barlagyň awtorlary Science Advances žurnalynda habar berdiler...

düýn 16:45
2.6k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
3.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......