Meksikada Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagyna sebäp bolan aýylganç gurakçylygyň yzlary tapyldy

  • 18.08.2025 15:29
  • 6k+

Meksikanyň Ýukatan ýarym adasyndaky gowakdaky stalagmit sebitde köp sanly gurakçylyklaryň bolandygyny, şol sanda olaryň biriniň 13 ýyl dowam edendigini ýüze çykardy. Bu gurakçylyk, takmynan, müň ýyl ozal Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagynda möhüm rol oýnap biler diýip, barlagyň awtorlary Science Advances žurnalynda habar berdiler.

Ýukatanda Maýýalaryň pese gaçmagynyň takyk sebäbi doly belli bolmasa-da, alymlaryň köpüsi çökgünlige gurakçylygyň uly täsir edendigine ynanýar.
Öň IX–X asyrlarda Meksikanyň günortasynda uzaga çeken gurakçylyk döwürleri bolupdyr diýip pikir edilýärdi, bu döwürde, demirgazykdaky halklaryň gülläp ösýän mahaly, ýerli ilatyň sany azalypdy.
Topar biziň eýýamymyzyň 871-nji we 1021-nji ýyllary aralygynda bu ýerleriň sekiz sany gurakçylygy başdan geçirendigini, hersiniň üç ýyldan gowrak dowam edendigini, käte hersiniň arasynda ýekeje ygally ýylyň bolandygyny anyklady. Bu gurakçylyk oba hojalygyna howp abandyryp, açlyga sebäp bolan bolsa gerek.
Maýýalar suw ätiýaçlyklaryna pugta gözegçilik edipdirler, ýöne guraklyk sebitiň paýtagty Uşmal üçin gaty agyr geçipdir. Bu ýyllarda olar ýadygärlikler gurmagy we seneleri bellemegi bes edipdirler, iň güýçli gurakçylykdan soň şäheriň syýasy ulgamy tutuş ýykylypdyr. Çiçen-Isa ýaly beýleki şäherler, megerem başga sebitler bilen söwda aragatnaşygynyň bardygy sebäpli, çökgünlikden çykyp bilipdir.
Tapyndylar alymlara Ýukatanda Maýýanyň pese gaçmagynyň sebäplerini has takyk göz öňüne getirmäge  we howanyň üýtgemegini sosial netijeler bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär.


08.06.2026 16:45
3.6k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.3k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......