3.1k+

BYD 3000 at güýjünden hem gowrak kuwwaty bolan elektrik giperkaryny döretdi

BYD Hytaýda umumy kuwwaty 3019 at güýji bolan Yangwang U9 Track Edition elektrik giperkaryny hasaba aldy. Model baradaky jikme-jik maglumatlar we suratlar hytaý düzgünleşdirijisiniň katalogynda peýda boldy. Track Edition wersiýasy kuwwaty 960 kWt-dan 2220 kWt-a çenli güýçlendirilen Yangwang U9 sport awtoulagynyň binvadynda döredildi...

2.4k+

Apple TV+ oktýabrda Martin Skorseze barada dokumental mini-serial çykarar

Apple TV+ “Näletlenenleriň adasy” (Остров проклятых), “Nýu-Ýorkuň bandalary” (Банды Нью-Йорка) we “Taksi sürüjisi” (Таксист) ýaly filmleri düşüren režissýor Martin Skorseze barada “Martin Skorseze” dokumental mini-serialynyň treýlerini hödürledi...

10k+

“Real” FIFA-dan we UEFA-dan “Barsa” bilen “Wilýarrealyň” ABŞ-daky oýnuny gadagan etmegi talap etdi

Madridiň “Realy” Ispaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň “Wilýarreal” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýnunyň Ispaniýanyň çäginden daşary geçirilmegine garşy çykdy. Ozal La Liganyň bu duşuşygy dekabrda Maýamidäki “Hard Rok” stadionynda geçirmek barada gepleşikleri alyp barýandygy, Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň bolsa bu pikiri makullap, UEFA ýüz tutandygy habar berlipdi...

3.7k+

«Mançester Siti» Jek Grilişi kärendesine «Ewertona» berdi

«Mançester Sitiniň» hüjümçi ýarym goragçysy Jek Griliş 2025/26 möwsüminde «Ewertonyň» düzüminde kärendesine çykyş eder. 29 ýaşly futbolçy Liwerpul klubunda bir ýyl oýnar, möwsümiň ahyrynda bolsa «Ewerton» ony 50 million funt sterlinge doly satyn almak mümkinçiligine eýe bolar...

8.9k+

“PSŽ” “Tottenhemi” penalti tapgyrynda utup, UEFA-nyň Superkubogyny gazandy

14-nji awgusta geçilen gije Italiýanyň Udine şäherinde UEFA-nyň Superkubogy üçin oýun geçirildi. Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” Angliýanyň “Tottenhem” klubuny utdy. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deň – 2:2 hasabynda tamamlandy we ýeňiji oýundan soňky penalti tapgyrynda kesgitlendi (4:3)...

6k+

Lionsgate “Balerina” sebäpli 94 mln dollar möçberde çärýeklik ýitgi çekdi

Lionsgate studiýasy birnäçe aý mundan ozal prokata çykan “Balerina” filmi sebäpli çärýekde 94 mln möçberde ýitgi çekdi. Oňyn synlara garamazdan, “Jon Uigiň” spin-offy ýeterlik tomaşaçyny özüne çekip bilmedi. IGN-iň maglumatlaryna görä, film 90 mln dollar önümçilik býujeti bilen dünýä prokatynda 132,4 mln dollar ýygnady...

11k+

Donnarumma “PSŽ-den” gidýär: “Kimdir biri meni toparda artyk hasaplaýar”

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan gitmekçi bolýar. Bu barada futbolçy sosial ulgamlarda habar berdi. Mundan öň parižlileriň baş tälimçisi Luis Enrike Donnarummany UEFA-nyň Superkubogy üçin “Tottenheme” garşy oýunda sanawa goşmazlyk barada hut özüniň karara gelendigini aýtdy...

8.7k+

ABŞ we Hytaý paç arakesmesini 2025-nji ýylyň noýabryna çenli uzaltdy

ABŞ we HHR 12-nji awgustda tamamlanýan paç arakesmesiniň hereket edýän wagtyny ýene 90 gün uzaltmak barada ylalaşdy. Stokgolmda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça taraplaryň bilelikdäki beýannamasy Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan neşir edildi...

3k+

Google «Dalçynly bulka» taýýarlaýar — Android 17-niň şertli ady şeýle

Google Android 17-iň täze wersiýasyna «Dalçynly bulka» (Cinnamon Bun) diýen şertli ady berdi. Operasion ulgamyň durnukly wersiýasynyň 2026-njy ýylyň iýun aýynda çykarylmagyna garaşylýar. Android wersiýalaryna süýjülikleriň ýa-da desertleriň adyny bermek däbi 2019-njy ýyla çenli dowam edipdi...

8.2k+

Hytaýda tizlikli otlular üçin ses basýan ulgam oýlanyp tapyldy

Hytaýda tizligini 600 km/sag çenli artdyryp bilýän magnit güýjüniň kömegi bilen işleýän otlular (maglew) üçin ses basýan ulgam işlenip taýýarlandy. Bu barada The Guardian gazeti habar berdi. Häzir Hytaýda tigirli otlular 350 km/sag çenli, maglewler bolsa 460 km/sag çenli tizligini artdyrýar...

3.5k+

12-nji awgustda Awazada Hazar deňziniň güni bellenildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hasyl» dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi...

2.6k+

“Şrek 5” meýilleşdirilen möhletden ýarym ýyl giç çykar

Universal we DreamWorks Animation kompaniýalary “Şrek 5” multfilminiň premýerasynyň nobatdaky gezek yza süýşürilendigini habar berdi. 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynyň deregine reliz 2027-nji ýylyň 30-njy iýunynda bolar...

4.3k+

Counter-Strike 2 oýnuna öý haýwany-towuk goşulyp bilner

Counter-Strike 2 oýnunda öý haýwanlary-towuklar peýda bolup biler. Datamaýnerler oýun faýllarynda towuklaryň, ýumurtgalaryň modellerini we interfeýsde “Öý haýwanlary” goşundysyny tapdy. Onda üýtgeşik daşky keşbi we “Alaka”, “Leggro” ýaly atlary bolan bäş dürli guş görkezilen...

5.7k+

Manhart atelýesi Mercedes - AMG C 63 üçin "hoşlaşyk" týuningini çykardy 

Manhart týuning atelýesi Mersedes-AMG C 63 sedanynyň eýýäm geçmişe giden W205 nesliniň ýörite modifikasiýasyny hödürledi.  Wersiýa CR 700 diýip atlandyryldy diýip, Autoevolution  ýazýar. Täze wersiýadaky 4,0 litrlik goşa turbo V8 hereketlendirijisi 700 at güýjüne we 900 Nm torka çenli gowulandyryldy, bu adaty C 63 S-iň tizliginden 190 at güýji köpdür...

9.4k+

Marsda Ýerde näbelli mineral tapyldy

Marsa köpýyllyk gözegçilikler onuň üstüniň jikme-jik kartasyny döretmäge mümkinçilik berdi, ýöne planetanyň mineral düzümi häzire çenli doly öwrenilmän galýar. Alymlar bu planeta barada täze düşünjeleri almak üçin zond we spektr maglumatlaryny seljermegi dowam etdirýär, bu bolsa käwagtlar garaşylmadyk netijeleri berýär...

1.9k+

OpenAI-iň o3 modeli küşt oýnunda Ilon Maskyň Grok modelini utdy

OpenAI-iň o3 EA modeli Kaggle AI Exhibition küşt ýaryşynyň final oýnunda Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan döredilen Grok 4-i 4:0 hasabynda utdy. Bu barada The Independent habar berýär. Ýaryşa Anthropic, DeepSeek, Google we Moonshot AI ýaly kompaniýalaryň hem EA modelleri gatnaşdy...

5.2k+

Alymlar iň ýakyndaky gara girdaba zond ugratmagy teklip edýärler

Alymlar gara girdaba kosmos apparatyny ibermek pikirini öňe sürdüler. Şunuň ýaly missiýanyň konseptini Şanhaýdaky Fudan uniwersitetiniň professory Kosimo Bambi beýan etdi diýip, Daily Mail habar berýär. Barlagçynyň pikirine görä, apparat "nanogämi" - bolup geçýän zatlary ýazgy etmäge we olar hakda Ýere maglumatlary geçirmäge ukyply mikroçip bolar...

6k+

Teýlor Swift Elis Býorçiň edebi esasy boýunça film surata düşürer

Aýdymçy Teýlor Swift özüniň ilkinji doly metražly filmini surata düşürmäge taýýarlanýar. Ilkibaşda meýilleşdirilişine görä, filmiň edebi esasyny onuň özi ýazmalydy, ýöne indi bu wezipe meşhur "Mirasdüşerler" serialy boýunça tanalýan tejribeli ssenariçi Elis Býorçe tabşyryldy...

5.4k+

Ýewropada pes hünär taýýarlykly işgärleriň 2,3 million iş orny ýitirim boldy

Soňky on ýylda Ýewropanyň zähmet bazary düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Randstad agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2014-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda 2,3 million pes hünär taýýarlykly işgärler üçin iş orny ýitirim boldy, şol bir wagtyň özünde ýokary bilimli hünärmenler üçin boş iş orunlarynyň sany 20,8 million artdy...

3.9k+

Täze Volvo XC70 birbada 4 hereketlendirijä we 1200 km ýol ätiýaçlygyna eýe boldy

Volvo täze nesil krossoweri XC70 üçin deslapky sargytlary açýar. Kompaniýa ulagyň käbir tehniki aýratynlyklaryny aýtdy we oňa görä XC70 birbada dört hereketlendirijä eýe boldy. CarNewsChina-nyň maglumatlaryna görä, model 5,28 sekuntda 100 km/sag çenli tizligini artdyrýar we gibridler üçin döredilen täze arhitektura esaslanýar...