Italiýada pisse hasylynyň pes bolmagy Nutella-nyň gymmatlamagyna sebäp bolup biler

  • düýn 09:59
  • 1.7k+

Nutella hozly şokolad pastasy Italiýada pisse hasylynyň gowşak bolmagy sebäpli gymmatlap biler. Der Spiegel-iň ýerli oba hojalyk assosiasiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, şu ýyl ýurtda 70 müň tonna töweregi hoz ýygnalar, bu bolsa soňky ýyllaryň ortaça görkezijilerinden iki esse diýen ýaly azdyr.

Hasylyň az bolmagy eýýäm üç ýyl bäri hasaba alynýar we ol klimatyň üýtgemegi – has maýyl gyş, ýazda güýçli ýagyşlar, gurak tomus we zyýankeş tomzaklaryň köp bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.
1940-njy ýyllardan bäri Nutella çykarýan Ferrero kompaniýasy her ýyl şeýle pastadan, takmynan, 500 müň tonna öndürýär. Pisse onuň esasy goşundylarynyň biri bolup, ol düzümiň 13%-ini emele getirýär. Hoz şokolad pastasynyň düzümine kakao noýbalarynyň ýetmezçiligi sebäpli önümi arzanlatmak üçin Ikinji jahan urşy döwründe goşulypdyr diýlip hasaplanýar.
Kompaniýanyň wekilleri häzirki ýagdaýyň bahalara täsir etjekdigine ýa-da ýokdugyna teswir bermekden ýüz öwürdi.
Germaniýanyň Oba hojalyk bazary barada maglumat jemgyýetinden Ursula Şokemeleniň aýtmagyna görä, pisse önümleriniň önümçiligi gymmatlar we bu hem sarp ediş nyrhlaryna täsir edip biler.
Der Spiegel-iň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýyldan bäri Germaniýada 450 gramlyk Nutella bankasynyň ortaça bahasy 27% gymmatlady. Hasyl ýitgisiniň öwezini dolmak üçin, Ferrero pissäni daşary ýurtlardan, şol sanda Türkiýeden satyn alyp başlady, ýöne bu ýyl ol ýerde-de hasyl pes boldy. Hünärmenler geljekde öndürijileriň ABŞ-dan we Hytaýdan üpjün edijilere has köp ýüz tutup biljekdigini çaklaýar.  


27.10.2025 14:58
2.3k+

Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

Italiýada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň...

26.10.2025 23:57
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Rimde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Işewür Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi...

26.10.2025 11:07
7.2k+

Serdar Berdimuhamedow Rimde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyşyna gatnaşdy

Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir...

26.10.2025 10:55
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik forumynda çykyş etdi

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär. «Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklaryň...