Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Rimde möhüm senelere bagyşlanan çärelere gatnaşdy

  • 30.11.2025 22:01
  • 2.7k+

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Italiýada ýerleşýän Palasso Walentini köşgünde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň hem-de Italiýanyň Aziýa institutynyň (ISIA) bilelikde gurnamagynda geçirilen maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň italýan dilindäki täze neşiriniň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.
Maslahata diplomatlar, döwlet guramalarynyň we Italiýanyň ylym-bilim ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirow, Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi T.Kömekow, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň orunbasary H.Durdyýew, şeýle hem italýan tarapdan ISIA-nyň Prezidenti M.Morgoni, ISIA-nyň Baş sekretary D.Palmiýeri, Kapitoliýa ýygnagynyň geňeşçisi F.Santori, Medeniýet, ylym we bilim meseleleri boýunça deputat I.Mansi çykyş etdiler.
Maslahatda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyň wajyplygyna hem aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle hem çykyşlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem orun berildi. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň italýan dilinde neşir edilmegi iki ýurduň arasynda üstünlikli ynsanperwer hyzmatdaşlygyň alamatyna öwrülendigi bellenildi. Bu ýygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleriniň maslahat bermeginde Italiýanyň gündogarşynas alymlary tarapyndan terjime edilen 130 goşgy girdi.
Şol gün türkmen wekiliýetiniň Rim şäheriniň Medeni miras bölüminiň ýolbaşçysy Klaudio Parizi Presiççe, Italiýanyň Senatynyň Bilim we medeni miras boýunça hemişelik komissiýasynyň senatory Françesko Werduççi, şeýle hem Italiýanyň Uniwersitetler we ylmy barlaglar ministrliginiň Ylym we innowasiýalar ministriniň birinji orunbasary doktor Janluiji Konsoli bilen duşuşyklar geçirildi.
Bir gün öň, Italiýa saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Akwasparta şäherine baryp gördi. Şäheriň häkimi Jowanni Montani wekiliýeti mähirli garşylady. Türkmen wekiliýeti Ýewropanyň ilkinji ylymlar akademiýalarynyň biri bolan Linçei akademiýasynyň dörän ýeri – Palazzo Çezä baryp gördi hem-de Italiýanyň öňdebaryjy medeniýet we ylym merkezleriniň biri bilen tanyşdy.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
748

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......