IFAB oýny çaltlaşdyrmak üçin futbolçylar üçin uzak autlaryň wagtyny çäklendirmegi meýilleşdirýär

  • 31.10.2025 22:29
  • 5.8k+

Futbol ýolbaşçylaryny oýunçylaryň doly taýýarlyk bilen autdan topy uzaga zyňmak trendi biynjalyk edýär. Çünki, bu öňdebaryjy çempionatlaryň oýunlarynda “arassa” oýun wagtyna täsir edýär – ol uzak dowam edýän pauzalar sebäpli ep-esli azalýar.

Oýun düzgünleriniň üýtgedilmegine jogap berýän Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) ilkinji gezek autlara – topuň gapdal çyzykdan girizilmegine üns berdi. BBC-niň we The Guardian-yň maglumatlaryna görä, IFAB auty ýerine ýetirmek üçin wagty berk çäklendirmek mümkinçiligine seredýär. Ozal şeýle düzgünler derwezebanlar üçin girizilipdi: indi olara topy sekiz sekuntdan köp saklamaga rugsat berilmeýär. Düzgün bozulan ýagdaýynda garşydaş topara burçdan topy girizmek hukugy berilýär.
“Uzyn” aut trendi oýunçylaryň topy 10 metre we ondan uzaga, köplenç, göni garşydaşyň jerime meýdançasyna zyňmagy bilen baglanyşyklydyr. Ozal şeýle usul seýrek ulanylýardy, ýöne indi köp çempionatlarda, şol sanda APL-de kada öwrüldi. Stats Perform-yň maglumatlaryna görä, APL-iň oýunlarynda “uzyn” autlaryň ortaça sany bir möwsümde 1,52-den 3,44-e ýetdi.
Mesele şeýle zyňyşlara taýýarlanmagyň wagt alýandygy bilen baglanyşyklydyr: bat alyş nokady, ugur, ýoldaşlaryň durýan ýeri saýlanýar. Netijede, eminler tarapyndan goşulan wagt bilen resmi taýdan 90 minut dowam edýän “arassa” oýun wagty, hakykatdan-da, ep-esli azalýar.
Statistika görä, şu möwsümde APL-de “arassa” oýun wagty 54 minutdan sähel köp, bu geçen möwsümdäkiden 2 minut azdyr. Italiýanyň Seriýa A-synda bolsa ortaça 52 minuta barabar. Analitikler wagtyň azalmagyna diňe bir düzgünleriň we autlaryň däl, eýsem gollaryň baýram edilmeginiň, oýun dykyzlygynyň (köp fol), şeýle-de VAR-yň täsir edýändigini belleýär: kyn we jedelli ýerlerde wideo seretmek üçin ortaça bir minutdan köp wagt sarp edilýär. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......