Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Waşingtona iş saparyna taýýarlyk barada aýtdy

  • 01.11.2025 10:56
  • 7.7k+

31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy esasynda döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak maksady bilen Waşington şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görülýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi.

“Waşingtonda geçiriljek sammit bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder” diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Öň habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy C5+1 sammitine gatnaşmak üçin çagyrdy. Sammitde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Sammit 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriler. Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarys.


düýn 11:28
557

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.6k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....