Adobe täze Photoshop we Premiere Pro üçin gurallary hödürledi

  • 01.11.2025 14:08
  • 2.1k+

Adobe kompaniýasy her ýylky Max konferensiýasynda Creative Cloud programmalary — Photoshop, Premiere Pro we Lightroom üçin täze emeli aň gurallaryny tanyşdyrdy. Bu täzeleme suratlary we wideolary redaktirlemegiň çylşyrymly basgançaklaryny ýönekeýleşdirmäge we awtomatlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Photoshop-da indi diňe Adobe Firefly modelini däl, eýsem, Google-nyň Gemini 2.5 Flash we Black Forest Labs-yň Flux.1 Kontext modelleri ýaly beýleki emeli aň ulgamlaryny hem ulanmaga bolýar. Ulanyjy surat saýlap, meselem, obýekti goşmak ýa-da çalşyrmak üçin tekst soragyny girizenden soň, dürli netijeleri görmek üçin modelleriň arasynda geçip biler.
Web görnüşindäki Photoshop programmasynda häzirki wagtda chat-bot görnüşindäki emeli aň kömekçisi synagdan geçirilýär. Oňa “doýgunlylygy artdyr” ýaly buýruklary bermek bolýar — programma bu işi awtomat ýagdaýda ýerine ýetirýär. Şonuň ýaly funksiýa Adobe Express programmasyna hem goşular.
Lightroom programmasynda bolsa “akylly saýlama” (Assisted Culling) diýen täze funksiýa synag edilýär. Ol uly surat toplumlaryny analiz edýär, olaryň kesginligini, rakursyny we fokusyny bahalap, iň gowy kadrlary hödürleýär.
Firefly hem täzelenme aldy. Täze Firefly Image 5 wersiýasy goşmaça ulaltma zerurlygy bolmazdan 4 megapiksel giňelmeli suratlary döredip bilýär. Şeýle hem ol aýratyn-da adamlary döredende has tebigy jikme-jiklikleri görkezýär.
Premiere Pro programmasyna bolsa täze “Emeli aň obýekt maskasy” (AI Object Mask) diýen gural goşuldy, ol eýýäm açyk beta görnüşinde elýeterli. Bu funksiýa kadrlaryň içindäki adamlary we zatlary awtomat ýagdaýda tanap, olary aýratynlaşdyrýar. Şeýdip, reňk sazlamalaryny, fon bulanmagy ýa-da hereket edýän obýektlere wizual effektler goşmagy has aňsatlaşdyrýar — indi el bilen takyk saýlamak zerur däldir.
Adobe-niň iň möhüm täze taslamalarynyň biri bolsa Project Moonlight ulgamydyr — bu Photoshop, Premiere Pro we Lightroom programmalarynyň mümkinçiliklerini birleşdirýän merkezi emeli aň kömekçisi. Ol mazmun döretmek we sosial ulgamlardaky kanallary dolandyrmak üçin niýetlenendir.
Ulgam ulanyjynyň stilini we neşir edýän materiallaryny analiz edýär, soňra onuň stiline laýyklykda şahsylaşdyrylan suratlary, wideolary we tekstleri döredýär. Project Moonlight ulgamy Creative Cloud kitaphanalaryna we sosial ulgamlara birikmek arkaly ulanyjynyň wizual isleglerini seljerýär, şeýle hem kanal ösüşi boýunça teklipler berýär we sosial mediada çykyş strategiýasyny düzmäge kömek edýär.
Bu taslamanyň ýapyk beta-wersiýasy ýakyn aýlarda hasaba alnan gatnaşýjylar üçin elýeterli bolar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......