Alymlar Antarktidada ýaşy 6 mln ýyl bolan iň gadymy buz nusgalaryny tapdylar

  • 31.10.2025 22:25
  • 6.8k+

Antarktidada ýaşy, takmynan, 6 mln ýyla barabar bolan Ýerde iň gadymy buz nusgalary tapyldy. Bu barada Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnaly habar berýär.

Dürli ýurtlardan ylmy gözlegçiler Gündogar Antarktidadaky Allan baýyrlarynyň töwereginde gözleg işlerini geçirdi. Alymlar silindr kernleri – Antarktidanyň buz galkanynyň jümmüşinden gadymy buz nusgalaryny almak üçin 100 – 200 metr çuňlukda guýy burawladylar.
Ylmy gözlegçileriň maglumatlaryna görä, tapylan nusgalar ozal mälim bolan 2,7 mln ýyllyk iň gadymy buzdan iki esseden gowrak gadymy bolup çykdy. Buzuň içinde uzak geçmişiň atmosferasynyň düzümini öwrenmäge mümkinçilik berýän kiçijik howa köpürjikleri saklanypdyr.
Seljerme soňky 6 mln ýylda bu sebitde temperaturanyň, takmynan, 12 gradus peselendigini görkezdi. Bu şol döwürde Ýeriň klimatynyň häzirkiden has ýyly bolandygyny görkezýär.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
955

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....