Wepaly Halynyýazow 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny gazandy

  • 01.11.2025 09:34
  • 2.5k+

2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy. Bu ýyl Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny 20 ýaşly sport ussady Wepaly Halynyýazow gazandy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby bu üstünlige Aşgabatda şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça wagt gözegçilikli nusgawy görnüşinde 11 tapgyrda geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanyp ýetdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Küşt federasiýanyň Kubogynyň üçünji gezek guralan bu bäsleşigi Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebine Aşgabatdan we ähli welaýatlardan 444 küştçini ýygnady. Olaryň 81-si FIDE görkezijisi 1700 utuk we ondan ýokary bolan «A» kategoriýasynda, 363-si bolsa has pes görkezijili «B» kategoriýasynda çykyş etdi.
Wepaly 11 oýunda 9 utuk toplap, görkezijisi 22,2 utuk ýokarlandyrmaga mümkinçilik aldy we milli küşt öňbaşçylarynyň biri hökmünde öz ornuny berkitdi.
Wepaly Halynyýazow Lebap küşt mekdebini tamamlady we häzirki wagtda Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde tälimçi Aýnur Isaýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.
Ýeňijiden ýarym utuk yza galan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ahmet Gubataýew öz görkezijisini 20,6 utuk ýokarlandyrdy. Ahmet Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysydyr.
8,5 utuk netije bilen üçünji orny geçen ýylky Türkmenistanyň Küşt federasiýanyň Kubogynyň ýeňijisi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Amanmuhammet Hommadow eýeledi. Ol goşmaça görkezijiler boýunça ikinji orny A.Gubataýewe berdi, ýöne öz görkezijisini 3,6 utuk ýokarlandyrmagy başardy. Amanmuhammet hem Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysydyr.

Oglanlar bilen bir toparda bäsleşen gyzlaryň arasynda iň gowy netijäni Lebap welaýatyndan 18 ýaşly zenanlaryň arasyndaky ussatlyga dalaşgär Leýla Şöhradowa görkezdi, ol 7,5 utuk toplady. Ol Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okaýar we häzirki wagtda Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde tejribeli tälimçi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda küşt bilen meşgullanýar.
Ikinji orny 7 utuk bilen Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Gülmira Seýilhanowa, üçünji orny bolsa 6,5 utuk netije bilen Lebap welaýatyndan 15 ýaşly geljegi bar bolan küştçi, geçen ýylky Türkmenistanyň Küşt federasiýanyň Kubogynyň ýeňijisi Jahan Rejepowa eýeledi.
Federasiýa Kubogynyň esasy ýaryşynda («A» kategoriýasy) medallardan başga-da, 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Ýokary ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda hem bäsleşdiler. Olaryň eýeleri Leýla Şöhradowa we Ahmet Gubataýew boldular. Ahmet Gubataýew ondan öňe geçen Wepaly Halynyýazowyň Ýokary ligada çykyş etmäge eýýäm hukuk gazanandygy sebäpli, iň güýçlülere goşulmak hukugyna eýe boldy. 
Görkezijisi 1700-den pes bolan küştçileriň arasyndaky «B» kategoriýasynda Mary welaýatyndan Agajan Ybraýymow birinji orny eýeledi. Ol mümkin bolan 11 utukdan 10 utuk toplady we degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýelän Lebaply Myrat Ibragimowdan we Mary welaýatyndan Mukam Ahmedowdan bir utuk öňe geçdi.
«B» kategoriýasyndaky gyzlaryň arasynda iň gowy netijäni 8 utukdan toplan paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçylary Zalina Iminowa, Nurana Serdarowa we «Küşt Älemi» küşt akademiýasynyň wekili Jasmin Rahmedowa görkezip, şol yzygiderlikde hormat münberine çykdylar.
Nusgawy görnüşinde geçirilen ýaryş tamamlanandan soňra, rapid (çalt küşt) we blis (ýyldyrym çaltlykly küşt) boýunça bäsleşikler geçirildi.
Rapid boýunça geçirilen ýaryşda baýrakly orunlary eýelänleriň üçlügi: «A» kategoriýasynda – Mergen Kakabaýew, Nedir Sylyýew we Amanmuhammet Hommadow, «B» kategoriýasynda bolsa – Azymgeldi Japarow, Mukam Ahmedow we Zalina Iminowa boldy.
Blis boýunça geçirilen ýaryşda bolsa baýrakly orunlary eýelänler şeýle yzygiderlikde ýerleşdiler: «A» kategoriýasynda – Maksat Atabaýew, Amanmuhammet Hommadow we Ahmet Gubataýew, «B» kategoriýasynda bolsa – Abdyrahym Owganow, Söýenç Hojaýew we Ahmet Janbekow.


düýn 12:36
2.2k+

Türkmen hünärmenleriniň ylmy işleri Nýu-Ýorkuň abraýly žurnalynda çap edildi

Türkmen hünärmenleriniň geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde neşir edilýän «Annals of Rehabilitation and Regenerative Medicine» atly halkara ylmy žurnalynda çap edildi. Bu makalalar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usulyýet merkeziniň alyp baran işleriniň netijeleri esasynda taýýarlandy...

düýn 12:22
14k+

Ronaldu "Al-Nasr" üçin meýdança çykmakdan ýüz dönderýär. Onuň Aşgabada gelmegi sorag astynda

Kriştianu Ronaldu ýene-de üns merkezine düşdi. Ýöne bu gezek gollary bilen däl-de, dörän gapma-garşylyklar sebäpli düşdi. Portugaliýanyň «A Bola» neşiriniň habar bermegine görä, ýyldyz hüjümçi «Al-Nasryň» «Er-Riýad» toparyna garşy geçirjek nobatdaky duşuşygyna gatnaşmazlygy mümkin...

31.01.2026 11:38
4.1k+

Türkmen eminleri Indoneziýada geçirilýän futzal boýunça Aziýa kubogynda işleýär

Indoneziýada futzal boýunça 18-nji Aziýa kubogynyň final tapgyry geçirilýär, ol 7-nji fewrala çenli dowam eder. Ýaryşyň eminler düzüminde Türkmenistanyň iki wekili bar. FIFA-nyň emini Timur Ramazanow eýýäm «C» toparçasynda toparlaýyn tapgyryň Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyna eminlik etdi...

26.01.2026 17:25
4k+

Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasyna gatnaşýar

26-njy ýanwarda Özbegistanyň paýtagtynda 45 döwletden wekiliýetleriň gatnaşmagynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Bu halkara sport çäresinde Türkmenistana ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet wekilçilik edýär...