Hytaý “emeli Günüň” gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlar

  • 31.10.2025 12:29
  • 5.7k+

Hytaýly alymlar “emeli Gün” diýip hem atlandyrylýan BEST (Burning Plasma Experimental Superconducting Tokamak) atly termoýadro enjamynyň gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýanýan plazmaly tejribe görnüşli aşa geçiriji tokamagynyň gurluşygy planlaşdyrylan tertipde dowam edýär we taslama naýbaşy derejede ähmiýet berilýär.
BEST desgasy, dünýäde ilkinji gezek hakyky elektrik öndürmäge ukyply termoýadro gurnamasy bolup biler.
Taslama Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde ýerleşýän Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Plazma fizikasy instituty tarapyndan alnyp barylýar. Gurnamanyň esasynda “Dýuar” görnüşli äpet ýokary wakuumly “termos” ýerleşýär: onuň agramy 400 tonnadan geçýär, diametri 18 metr, beýikligi bolsa 5 metr.
Desganyň içinde -269 °C temperaturada işleýän super geçiriji magnitler ýerleşýär. Olar durnukly ýanmada deýteriý–tritiýden plazmany saklamaga mümkinçilik berýär.
BEST Hytaýyň öňden bäri dowam edýän termoýadro barlaglarynyň dowamydyr. Meselem, ýurtda eýýäm işläp gelýän EAST (Experimental Advanced Superconducting Tokamak) enjamy 2025-nji ýylyň başynda ýokary temperaturaly plazmany 1066 sekunt saklap, dünýä rekordyny goýdy.


şu gün 10:53
939

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....