Wilnýusda Türkmenistanyň we Litwanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

  • 31.10.2025 12:03
  • 1.5k+

29-njy oktýabrda Litwa Respublikasyna amala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskas bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýokary derejeli özara saparlary we duşuşyklary guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen-litwa parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygyny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüş derejesine hem syn berildi. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-litwa toparynyň ähmiýeti nygtaldy we onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň zerurlygy bellenildi.
Şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky ulag arabaglanyşygy meselelerine garaldy. Bu ugurda litwa tarapynyň Türkmenistan bilen ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bildirildi.
Gepleşiklerde bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.
Taraplar 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.


şu gün 19:25
449

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.8k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......