Nýu-Ýorkda täze ýokary tehnologiýaly gökdirän bina ABŞ-nyň iň beýik diňleriniň hataryna goşuldy

  • 31.10.2025 13:05
  • 8.5k+

Nýu-Ýork şäherinde täze binagärlik nyşany peýda boldy. Britaniýanyň Foster + Partners kompaniýasy tarapyndan taslanan 270 Park Avenue atly täze gökdirän bina 423 metr beýiklige ýetip, ABŞ-nyň iň beýik diňleriniň biri boldy diýip, New Atlas habar berýär.

Bu diň JPMorgan Chase maýa goýum bankynyň täze merkezi edarasydyr. Beýikligi boýunça ol Nýu-Ýorkda ilkinji altylygyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolsa sekizinji orunda bolýar. Dünýä derejesinde ol 35-nji ýerde durýar.
270 Park Avenue öň şol ýerde durýan köne binanyň ýerine guruldy we özboluşly binagärlik görnüşi bilen tapawutlanýar. Bina aşakdan giňden ýaýrap giden ýogyn sütünleriň üstünde galdyrylan, fasady bolsa bürünç äheňli aýnadan ýasalyp, Manhetteniň gönüburç diňleri bilen göze görnüp bäsleşýär.
60 gatly gökdirän binada takmynan 10 000 işgär işleýär, her gün müňlerçe myhman baryp görýär. Diňde ofis ýerleri, sekiz söwda meýdançasy, ýygnak we çäreler üçin zallar, ýokary gatlarda bolsa ýolbaşçylar üçin apartamentler we myhman kabul ediş meýdançalary bar.
Gökdirän bina durnukly ösüş talaplaryna laýyk gelýär. Ol LEED Platinum derejesi bilen sylaglandy. Mundan başga-da, öňki binadan galan materiallaryň 97%-i gaýtadan işlenip, gurluşykda peýdalanyldy. Bina doly elektrikleşdirilen we işleme döwründe zyňyndylary nola golaý derejede bolan desga hökmünde häsiýetlendirilýär.
Bina şeýle hem üç gatly aýna, gün şöhlesini awtomatiki peseldýän ulgamlaryň, suwuň sarp edilişini azaltmak we gaýtadan ulanmak boýunça täze tehnologiýalaryň bilen enjamlaşdyrylandyr.


düýn 19:53
1.8k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......