Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi

  • 01.11.2025 10:44
  • 6.7k+

31-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2025-nji ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hem-de wise-premýerler hasabat bilen çykyş etdiler. 
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň habar berşi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi. 
Mejlisde daşary döwletleriň Türkmenistandaky ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi, dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklaryň 55-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 97-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 34-si guraldy.
Wise-premýer B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim boldy.
Wise-premýer T.Atahallyýew oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,2 göterime deň bolandygyny aýtdy. 
Wise-premýer B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,1 göterim berjaý edilendigini habar berdi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça edilen işleriň möçberi 109 million manada deň boldy.
Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatyna görä, Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde, Özbegistanyň Daşkent hem-de Hywa şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik serginiň açylyş dabarasy boldy.
Wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabatynyň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 815 medala mynasyp bolandygyny belledi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 818 medala mynasyp boldular.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň daşary ýurtlara saparlary barada hasabat berdi.
Wise-premýer M.Çakyýew ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 113 göterime deň bolandygyny aýtdy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 100,6 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 105 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 110,3 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 108,6 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120 göterime barabar boldy.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....