Türkmen parapauerliftingçileri Kairde dünýä çempionatynda 4 medal gazandylar

  • 01.11.2025 12:56
  • 6.5k+

Türkmenistanyň parapauerlifting boýunça ýygyndy topary Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 4 medal gazandy. Şolaryň 2-si kümüş, 2-si hem bürünç medallardyr diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Şu gezekki ýaryşa dünýäniň 70 ýurdundan 527 türgen gatnaşdy.
Parapauerlifting — bu bedeniň daýanç-hereket ediş ulgamynda mümkinçilikleri çäkli bolan türgenler üçin niýetlenen sportdur. Bu sport görnüşi boýunça yklym we dünýä derejesindäki ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.

Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň kümüş medallary ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilen ýaryşlarda gazanyldy. Has takygy, Türkmenistanyň parapauerlifting boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Muhammet Hojaýew ýaşlaryň arasynda 54 kilogram agramda, Türkmenistanyň Maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň tälimçisi Öwezgeldi Orjiýew ulularyň arasynda 97 kilogram agramda ýeňijileriň hormat münberiniň ikinji basgançagynda orun aldylar.
Ýaryşda ýurdumyza bürünç medallary parapauerlifting boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Sergeý Meladze getirdi. Onuň 72 kilogram agramda ulularyň arasynda şahsy we umumy görkezijileri 2 bürünç medaly hem adyna ýazdyrmaga mümkinçilik berdi.


şu gün 08:03
2.2k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....