Türkmenistanda orta mekdepler üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

  • 01.11.2025 13:07
  • 6k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary  üçin täze okuw kitaplar çap edildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

5-nji synpda okaýan  okuwçylar üçin «Ýapon dili» okuw kitaby neşir edildi. Ol daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça häzirki zaman talaplary nazarda tutulyp, tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy. Okuw kitabyny  N.Amangeldiýewa, Z.Hojagurbanowa, T.Uehara dagy taýýarlapdyrlar.
Kitap ýapon ýazuwyna giriş, salamlaşmagyň esasy görnüşleri, şeýle hem «Tanyşlyk», «Meniň maşgalam», « Meniň mekdebim», «Okuw esbaplary», «Meniň synpym» ýaly mowzuklary özünde jemleýär. Kitap geçilen temalary gaýtalamak üçin tekstler we tilsimler, ses başarnyklaryny ösdürmek üçin sesli gollanmalar hem-de dili özleşdirmegi ýeňilleşdirmek üçin iki dildäki sözlük bilen baýlaşdyrylypdyr. 
Umumy bilim berýän orta mekdepleriň rus diline ýöriteleşen 5-nji synp okuwçylary üçin ýakynda «Matematika. 1-nji bölüm» okuw kitabynyň gaýtadan işlenen we üsti ýetirilen ikinji goýberilişi neşir edildi. Kitap Ž.Starostina, S.Wolkowa we H.Geldiýew tarapyndan taýýarlanypdyr.
Kitap «Natural sanlar we olaryň üstünde hereket» we «Geometriki şekiller we ölçegler» diýen iki sany bölümden ybaratdyr. Birinji bölümde natural sanlar we nul düşünjelerine, ýazmagyň we sanlary deňeşdirmegiň düzgünlerine, goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek hereketlerine, olaryň häsiýetlerine we özara baglanyşygyna seredilýär. Deňlemeleriň, harply aňlatmalaryň hem-de köpeltmegiň paýlaýjylyk häsiýetleriniň öwrenilmegine aýratyn üns berilýär.
Ikinji bölümde okuwçylar esasy geometrik düşünjeler: kesim, burç, üçburçluk, inedördül, gönüburçluk we kub bilen tanyşýarlar. Şeýle hem uzynlygy, meýdany, göwrümi we agramy ölçemegiň usullary öwrenilýär, çyzgyjyň we transportiriň ulanylmagy bilen şekilleri gurmak başarnyklary ösdürilýär. Şeýle hem kitap synag ýumuşlaryny hem-de özüňi barlamak üçin gönükmeleri özünde jemleýär, bu bolsa mekdep okuwçylarynyň okamaga we özbaşdak işlemäge bolan gyzyklanmalaryny ösdürmäge ýardam edýär. 
Rus diline ýöriteleşen 2-nji synpyň okuwçylary üçin «Informatikanyň esaslary» okuw kitaby täzeden neşir edildi. Kitaby  L.Ruliýewa, W.Çernikowa, J.Annamyradowa, O.Mämmetgulyýewa hem-de H.Baýramowa dagy taýýarlapdyrlar. Bu kitapda tematiki bölümleriň ýedisi bolup, olarda okuw dersiniň esasy ugurlary yzygiderli açylýar.
Kitabyň başynda kompýuter bilen işlenilende tehniki howpsuzlygyň esaslaryna we maglumatlary girizmek we almak gurallaryna garalýar. Soňra okuwçylar dürli görnüşli – grafiki, tekst, ses we nyşanly maglumatlar bilen tanyşýarlar. Algoritmleri ýazmak we olary ýerine ýetirmek usullaryny öwrenmek arkaly algoritmik pikirlenişi döretmäge aýratyn üns berilýär. 
Tejribe häsiýetli bölüm «Windows»  ulgamyny özleşdirmäge, klawiatura bilen işlemäge hem-de suratlary redaktirlemek we şekilleriň bölekleri bilen  işlenilýän amallary goşmak bilen birlikde, kompýuter grafikasynyň esaslaryna bagyşlanypdyr. Kitabyň materiallary internetde işlemegiň esasy düşünjeleri bilen tanyşmak arkaly tamamlanýar. Her bölüm tejribe ýumuşlaryny hem-de öwrenilenleri gaýtalamak we berkitmek üçin sowallary özünde jemleýär.


düýn 17:56
2.2k+

Türkmenistanda «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi

Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma neşir edildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykaryldy. Bu atlas Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky 1570-nji Karary bilen tassyklanan Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda işlenip düzüldi...

23.03.2026 13:18
11k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Ataýew bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze rektoryny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. TDH-niň habar bermegine görä, bu wezipä Begli Baýrammyradowiç Ataýew bellenildi. Döwlet...

21.03.2026 16:29
5.3k+

Hytaýda 10 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar

Hytaýda Türkmenistanyň 10 müňden gowrak raýaty bilim alýar. Bu baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi...

19.03.2026 19:47
3.8k+

Britaniýanyň ilçisi we ÝUNISEF-iň wekili Aşgabatdaky synag inklýuziw mekdebine baryp gördi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon we ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna Aşgabat şäherindäki 74-nji synag inklyuziw mekdebine baryp gördi. Bu sapar Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Britan halkara...