Toyota Group satuwlaryny ýokarlandyrdy

  • 31.10.2025 12:38
  • 3.7k+

Toyota Motor Group 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini satuwlaryň, önümçiligiň we eksportyň ösüşi bilen tamamlady. Aprel–sentýabr aýlary aralygynda toparyň umumy satuwy 5,64 mln awtoulag boldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende +5% ýokarlanma diýmegi aňladýar. Öndüriliş möçberi bolsa 5,59 mln çykdy (+5,7%) diýip, 32cars portaly habar berýär.

Esasy ösüş Demirgazyk Amerika we Hytaý bazarlarynda hasaba alnyp, ol ýerde gibrid modellerine hem-de täze Grand Highlander we TX krossowerlerine isleg ýokary boldy.
Toyota (Lexus markasy bilen bilelikde) jemi 5,27 mln awtoulag satdy. Şolardan 4,55 mln eksport edildi.
Ýaponiýadan eksport soňky iki ýylda ilkinji gezek ösüş görkezdi. Dokuz aýda 1,001 mln awtoulag daşary ýurtlara iberildi (+9%), diňe sentýabrda bu görkeziji 194,6 müň boldy (+27,9%). Toparyň umumy eksporty, Hino we Daihatsu markalaryny hem goşmak bilen, 1,023 mln awtoulagy (+8,2%) düzdi. Hino ýük ulaglaryna islegiň peselmegi sebäpli eksporty azaldýar, Daihatsu bolsa ilki bilen içerki bazara we Aziýadaky ýerli önümçilige üns berýär.
Toparyň önümçiligi 5,59 mln awtoulag derejesine ýetdi. Şolaryň 3,59 mln-y Ýaponiýanyň daşynda öndürildi (+5,5%), 2 mln-y bolsa Ýaponiýada öndürildi (+6,1%). Sentýabrda Toyota (Lexus bilen) rekord goýdy – 918 müň awtoulag öndürildi (+11,1%), onuň 616,5 müňüsi Ýaponiýanyň daşynda öndürildi (+7,2%).
Aprel–sentýabr arasynda daşary ýurt bazarlaryndaky satuwlar 5,0% artyp, 4,65 mln awtoulag boldy. Ýaponiýanyň içerki bazary durnukly ösüş görkezýär – 988 müň (+5,3%). Demirgazyk Amerikada ösüş +10,5%, Hytaýda +5,5%, Hindistanda +14,2% boldy. Ýewropa hem, Fransiýa we Italiýada islegiň pesligine garamazdan, umumy görkezijini saklaýar (+3,7%).

Analitikleriň çaklamasyna görä, ýylyň ahyryna çenli toparyň satuwy 8,3 mln awtoulagdan geçer, önümçilik welin 8,34 mln derejesine ýetip biler. Munuň baş sebäbi gibrid modellere hem-de täze bZ elektrik seriýalaryna bolan ýokary islegdir.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......