Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisi öz işine başlady

  • 01.11.2025 09:39
  • 1.4k+

30-njy oktýabr – 13-nji noýabr aralygynda Samarkant şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisi geçirilýär. Mejlise Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Maslahatyň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili M.Çaryýew we Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow gatnaşdy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, bölümçelerde ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, parahatçylygy we jemgyýetçilik bitewiligini berkitmek, sanly eýýamda medeniýetleri birleşdirmek, durnukly syýahatçylygy we mirasy gorap saklamagy ösdürmek, şeýle hem milli toparlaryň arasynda gatnaşyklary we tejribe alşygyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş edip, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işiniň möhüm ugurlaryny we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işine işjeň gatnaşmagynyň halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de bilim, ylym, medeniýet we aragatnaşyk ýaly ugurlarda umumy maksatlary ilerletmäge goşant goşýandygy nygtaldy.


düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
8.3k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
792

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......