Türkmenistan Sumitomo we Toyota bilen awtotehnikalary getirmek hyzmatdaşlygyny maslahatlaşýar

  • 01.11.2025 12:28
  • 6k+

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekilleri bilen Ýaponiýanyň Sumitomo Corporation we Toyota Central Asia kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde tegelek stol duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Duşuşykda awtoulag tehnikasynyň üpjünçiliginde täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar mundan öň taksi parky we jemgyýetçilik hyzmatlary üçin zerur bolan awtoulaglaryň üpjünçiliginde üstünlikli hyzmatdaşlygyň alnyp barlandygyny bellediler. Şeýle hem gatnaşyklary özara bähbitli esasda has-da pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda ulag pudagynda geljekki taslamalaryň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy ýapon kompaniýalarynyň wekillerini «Halkara ulag geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Çäräniň 26–27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.


şu gün 11:41
1.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.4k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......