Türkmenistanyň içeri işler ministri Tähranda YHG-nyň duşuşygyna gatnaşdy

  • 31.10.2025 12:16
  • 12k+

28-nji oktýabrda Tähran şäherinde (Eýran) Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Çäräniň açylyş bölegine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti M.Pezeşkian gatnaşdy. Şeýle hem 4-nji duşuşygyň işine YHG-nyň Baş sekretary hem-de bu Guramanyň agza ýurtlarynyň Içeri işler ministrleri, olaryň orunbasarlary we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň içeri işler ministri çykyş etdi. Çykyşda bu Guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmek, özara tejribe alyşmak, içerki howpsuzlygy üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň alyp barýan işi bilen bagly mowzuklary beýan etdi. 

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýran Yslam Respublikasynyň içeri işler ministri Eskander Momeni, Polisiýanyň serkerdebaşysy Ahmad Reza Radan, Adalat ministri Amin Hoseýin Rahimi, Türkiýäniň içeri işler ministriniň orunbasary Münir Karaloglu we YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Han dagy bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, hususan-da, özara tejribe alyşmak, içerki we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 07:42
316

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......