МОК отменил Киберспортивную Олимпиаду-2027 в Саудовской Аравии

  • 01.11.2025 09:51
  • 2.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlaryny gurnamak boýunça Saud Olimpiýa we Paralimpiýa komiteti (SOPC) bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini mälim etdi diýip, Reuters habar berýär. Ýaryşlary 2027-nji ýylda Er-Riýadda geçirmek meýilleşdirilipdi.

“Taraplaryň ikisi-de kibersport maksatlaryny dürli ýollar bilen ösdürmek isleýär. HOK, öz gezeginde, Olimpiýa kibersport oýunlaryna täze çemeleşmäni işläp düzer we hyzmatdaşlygyň täze modelini ulanar” – diýlip, HOK-yň resmi saýtyndaky habarda aýdylýar. Ýöne komitet ýaryşlaryň geçiriljek möhletini we ýerini entek kesgitlemedi.

Ilkibaşda Olimpiadany 2025-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilipdi, soňra 2027-nji ýyla süýşürildi. Başlangyç HOK bilen Saud Arabystanynyň 12 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň bir bölegi bolmalydy.
HOK 2018-nji ýyldan kibersport jemgyýeti bilen işjeň gyzyklanyp başlady. Şol wagt Lozannada ilkinji forum geçirildi, 2023-nji ýylda bolsa komitetiň garamagynda kibersport boýunça komissiýa döredildi.
Ilkinji wirtual Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylda geçirildi. Şol wagt programma Gran Turismo Sport, Zwift welosimulýatory we ýelkenli sport boýunça Virtual Regatta girdi. Şeýle dissiplinalaryň saýlanmagy jemgyýetiň tankydyna sezewar boldy, ony “asla tötänleýin” diýip atlandyrdylar. 2022-nji ýyla meýilleşdirilen nobatdaky geçiriş kibersport boýunça Olimpiadanyň konsepsiýasy bilen çalşyldy.
Şondan soň 2024-nji ýylda Saud Arabystany kibersport boýunça multigeýming dünýä çempionatyny – Esports World Cup-y geçirdi. Ýaryşyň baýrak gaznasy kibersport taryhynda iň ulusy boldy – 60 mln dollardan gowrak. 


вчера 12:42
8.5k+

Саудовская Аравия начала бесплатно раздавать билеты на матчи ЧМ-2026

Федерация футбола Саудовской Аравии начала бесплатную раздачу билетов на матчи чемпионата мира по футболу 2026 года для болельщиков своей национальной сборной. О начале акции сообщили на странице Посольства......

22.05.2026 07:24
9.9k+

Роналду с ​«Аль-Насром» завоевал первый титул в Саудовской Аравии

​Футбольный клуб «Аль-Наср» одержал победу над «Дамаком» со счетом 4:1 в матче заключительного, 34-го тура и впервые с момента перехода Криштиану Роналду стал победителем чемпионата Саудовской Аравии....

06.05.2026 22:54
1.8k+

СМИ: МОК приостановил работу комитета по киберспорту

Международный олимпийский комитет (МОК) приостановил деятельность специализированного комитета по киберспорту. Об этом сообщает японское издание Livedoor....

04.04.2026 15:00
9.9k+

Новая трасса в Саудовской Аравии поднимет гонки «Формулы-1» в воздух

В Саудовской Аравии строят новую трассу «Формулы-1», частью которой станет участок на высоте около 70 метров. Проект реализуется в районе Qiddiya, примерно в 45 километрах от Эр-Рияда, и рассматривается как......