YouTube pes hilli wideolary awtomatik gowulandyryp başlar

  • 31.10.2025 15:50
  • 3.8k+

YouTube, aýratynam, telewizorda wideo tomaşa etmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze funksiýalary hödürledi. Esasy täzelikleriň biri 1080p-den pes durulykdaky wideolary awtomatik masştabirleme boldy. Platforma şeýle wideolaryň hilini HD, geljekde bolsa 4K derejesine çenli ýokarlandyrmak üçin emeli aň tehnologiýasyny ulanar.

Şol bir wagtyň özünde, ulanyjylar bu funksiýadan ýüz öwrüp hem biler. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, wideonyň ilkibaşdaky faýly we durulygy üýtgemez, “super-durulyk” bolsa sazlamalarda elýeterli bolar. Awtorlar öz wideolaryna doly gözegçiligi saklar, tomaşaçylar hem olara asyl hilinde tomaşa edip biler.
YouTube-yň wekili Weronika Nawarreteniň aýtmagyna görä, awtomatik hili ýokarlandyryş 240p-den 720p çenli durulykdaky wideolar üçin ulanylar. Bu ulgamyň eýýäm 1080p durulykda ýüklenen wideolary gaýtadan işlemejekdigini aňladýar.
Şeýle tehnologiýa eýýäm uly telewizor öndürijileri tarapyndan, mysal üçin, Nvidia Shield TV sazlamalarynda ulanylýar. Ýöne YouTube-da bu funksiýany ulanmalydygyny ýa-da ýokdugyny awtorlaryň we tomaşaçylaryň özi çözýär. Bu awtorlaryň öz razylygy bolmazdan şekiliň awtomatik gaýtadan işlenmegine nägilelik bildirýändigini göz öňünde tutsaň möhümdir.
Mundan başga-da, YouTube wideo üçin miniatýuranyň ölçegini 4K şekilleri goldamak üçin 2-den 50 MB çenli ulaldar. Platforma “agyr” wideolary ýüklemegi hem synagdan geçirýär. Haryt tegleri bolan wideolarda ekrandaky QR kody skanirlemek arkaly göni harydy satyn almaga geçip bolar.
Şeýle-de, YouTube-yň baş sahypasynda immersiw prewýu peýda bolar, onuň netijesinde gowy görýän kanallaryň wideolaryny tapmak we tomaşa etmek aňsat bolar. Telewizorda  wideo gözlenende bolsa, indi beýleki çeşmelerden kontentler däl-de, esasan, sahypasyna giren kanalyňyzdan wideolar görkeziler.  


30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

18.05.2026 09:36
1.5k+

YouTube Shorts wideolaryna smart-telewizorlarda 2 mlrd sagat tomaşa edildi

YouTube ulanyjylary her aýda telewizorlarda dikligine düşürilen gysga Shorts wideolaryna 2 milliard sagatdan gowrak wagt tomaşa edýär. Aslynda, şeýle format ilkibaşda smartfonlar üçin döredilipdi....