Fransiýa futbolçylaryň eksportyndan gazanylan girdeji boýunça Braziliýadan öňe geçdi

  • 31.10.2025 22:12
  • 5k+

Soňky on ýylda fransuz futbol klublary oýunçylaryň daşary ýurtlara transferinden tas 4 mlrd ýewro gazandy. Şeýle maglumatlary Halkara futbol federasiýasynyň hyzmatdaşy CIES Football Observatory hödürleýär.

CIES 2016-njy ýyldan başlap, soňky on ýylda transferlerden gelen girdejiler boýunça futbol çempionatlarynyň reýtingini düzdi. Şol bir wagtyň özünde, diňe halkara transferler hasaba alyndy – ýurduň içindäki şertnamalar statistika goşulmady. Reýtinge 50 çempionat girdi.
Sanawdan görnüşi ýaly, Fransiýanyň çempionaty diňe bir “uly Ýewropa bäşliginiň” ligalaryndan däl, eýsem futbol zehinleriniň esasy eksportçysy hasaplanýan Braziliýadan hem öňe geçdi. Fransuz klublary her ýyl daşary ýurtlara oýunçy satmakdan ortaça 400 mln ýewro gazanýar. 
Braziliýanyň 10 ýylyň dowamynda transferlerden gazanan girdejisi bary-ýogy 2,6 mlrd ýewro boldy. Üçünji orny 2,24 mlrd ýewro bilen Ispaniýa eýeledi.
Bellemeli ýeri, Braziliýa 20 ýaşa çenli ýaş oýunçylaryň eksporty boýunça öňdebaryjylygy saklaýar – olar girdejileriň ýarysyny (50,1%) emele getirýär. Fransiýada ýaş zehinleriň paýy az – 26,4%. Ol ýerde, esasan, 21-23 ýaşyndaky futbolçylar köp satylýar, olar girdejileriň 39%-ini emele getirýär. Şeýle çemeleşme oýunçylara fransuz klublarynda tejribe toplamaga we daşary ýurtlarda güýçli ýaryşlara aňsat uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. 


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......