Türkmenistanda biodürlüligi maliýeleşdirmegiň milli meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler başlandy

  • 31.10.2025 16:25
  • 2.7k+

Aşgabatda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky täze taslamasy — «Biodürlüligi maliýeleşdirmegiň meýilnamalaryny taýýarlamagy goldamak boýunça toplumlaýyn maksatnama» boýunça giriş seminary geçirildi.

Taslama BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde, Global ekologik gaznasynyň (GEF) maliýe goldawy bilen amala aşyrylýar. Taslamanyň esasy maksady — ýurduň Biodürlüligi maliýeleşdirmegiň milli meýilnamasyny işläp taýýarlamagyna we durmuşa geçirmegine ýardam etmekdir. Bu meýilnama global bioähmiýetli ekoulgamlary goramak boýunça Kunmin — Monreal global çarçuwasy we Biologik dürlülik barada konwensiýa boýunça halkara maksatlara laýyk gelýär.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň tebigaty goramak ulgamyndaky ileri tutulýan ugurlaryny, maliýeleşdiriş boýunça zerurlyklary we döwlet hem-de hususy serişdeleri çekmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, tebigaty goramak taslamalarynyň maliýe ýetmezçiligini azaltmak maksady bilen innowasion çözgütleri ulanmaga aýratyn üns berildi.
BMGÖM-niň belleýşi ýaly, BMGÖM/GEF maksatnamasy dürli ýurtlarda durmuşa geçirilýär we ekologiýa ähmiýetli başlangyçlaryň durnukly maliýeleşdirilmegini güýçlendirmäge, döwlet ösüş strategiýalaryna tebigy serişdeleri goramagyň ugurlaryny goşmaga we «ýaşyl» maliýe gurallaryny ösdürmäge ýardam edýär.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......