Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti “Fluminense” we “Flamengo” futbol klublarynyň öý oýunlarynyň geçýän ýeri bolan meşhur Maracana stadionyny satuwa çykarmak kararyna geldi. Bu barada RMC Sport habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýdançanyň satuwy ony saklamak üçin çykdajylary azaltmak we sebitiň 1,89 mlrd ýewrolyk bergilerini bölekleýin ýapmak islegi bilen baglanyşykly boldy. Rio-de-Žaneýro ştatynyň kanun çykaryjy mejlisiniň başlygy Rodrigu Amorim Maracana-da bir oýny geçirmegiň, takmynan, 160 müň ýewro düşýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, stadionyň we onuň ýanyndaky toplumyň satylmagy 320 mln ýewrodan gowrak girdeji getirip biler.
Maracana stadiony 1950-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionaty üçin açyldy we şol wagt dünýäde iň ulusy diýlip hasaplandy. Hut şu ýerde ýaryşyň Braziliýa bilen Urugwaýyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky ýatdan çykmajak finaly geçirilipdi. Oýun 1:2 hasabynda tamamlandy. FIFA-nyň maglumatlaryna görä, şol oýun üçin 173 850 petek satyldy – bu futbol taryhynda rekord tomaşaçydyr.
Soňra stadion 2014-nji ýylyň dünýä çempionatynyň finalyny we 2016-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň dabaralaryny kabul etdi. Häzir Maracana 78 müň töweregi tomaşaçany ýerleşdirip bilýär.