Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi

  • 28.08.2025 15:09
  • 3.9k+

Kofe öndürýän ýurtlar kofe dänelerini hem içerki bazar, hem eksport üçin ösdürip ýetişdirýärler we gaýtadan işleýärler. Dünýäde kofeniň esasy görnüşleri - arabika we robusta bolup, olaryň ösdürilip ýetişdiriliş şertleri düýpgöter tapawutlanýar.

Arabika aýratyn howa we beýik dag şertlerini talap edýär, ol deňiz derejesinden 600-2000 metr we ondanam ýokary bolmaly. Bu gymmat we zähmeti köp talap edýän görnüşdir: ösümlikler kesellegiç bolýarlar, idegi, dökünleri talap edýär we käbir sebitlerde emeli suwaryş ulgamlary zerur bolup durýar.
Robusta ynjyk däl. Oňa diňe ýylylyk we çyglylyk bolsa bolany, şonuň üçin ol tropiki ýerlerde ösýär, yssa we güýçli ýagyşlara çydamly, seýrek keselleýär we hemişe ideg edip durmak hökman däl.
ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň habaryna görä, Braziliýa dünýäde iň uly kofe öndürijidir. Ýurt 2025-nji ýylda 60 kilogramlykdan 64,7 million halta kofe ýygnap biler, bu bolsa dünýädäki umumy mukdaryň üçden birine golaýdyr.
Ikinji orunda Wýetnam durýar. Halkara kofe guramasynyň (ICO) hasabatyna görä, onuň dünýä bazaryndaky paýy takmynan 20% (29 million halta). Esasy önümçilik sebitleri Merkezi daglyklar - Daklak, Lamdong we Zýalaý. Robusta Wýetnamda ýygnalýan hasylyň 95%-den gowragyny düzýär.
Kolumbiýa dünýäde arabikany öndürmek boýunça öňdebaryjy ýurt hasaplanýar. Bu ýerde her ýyl  11-14 million halta kofe ösdürilip ýetişdirilýär. Kofe ekinzarlyklarynyň köpüsi Andlarda, "Kofe ekinleri landşaftynda" ýerleşýär. Ajaýyp arabikanyň görnüşlerini gorap saklamak üçin robustanyň ýurda getirilmegi resmi taýdan gadagan edilýär.


08.09.2025 10:52
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

02.09.2025 13:34
7.8k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentini Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

21.08.2025 15:25
2.8k+

Arabika üçin birža bahalary Braziliýadaky ýaramaz howa sebäpli gymmatlady

Arabika kofesi üçin birža bahalary iki aýlyk iň ýokary derejä ýetdi. Kofe däneleri üçin dekabr fýuçersiniň bahasy 19-njy awgustda 3,32% ýokarlanyp, bir funt üçin 3,47 dollara (bir kilogram üçin 7,63 dollar) ýetdi...

26.06.2025 19:04
8.2k+

Wýetnamda ýurtda ilkinji erkin ykdysady zolak dörediler

Wýetnamda ýurduň ilkinji erkin söwda zolagy dörediler. Bu zolak ýurduň merkezi bölegindäki tehnologiýa we syýahatçylyk merkezi bolan Danang şäherinde ýerleşer diýip, Nikkei neşiri habar berýär.  Hökümet bu taslamanyň ýurduň ykdysady ösüşine itergi bermegine we 2045-nji ýyla çenli ýokary girdejili döwlet bolmak maksadyna ýetmäge kömek etjekdigine garaşýar...