BYD San-Pauluda SkyRail "asman otlusyny" işe girizdi

  • 16.10.2025 10:26
  • 7.3k+

Braziliýanyň iň uly şäherleriniň biri San-Paulu şäherinde Hytaýyň BYD kompaniýasynyň “SkyRail” atly “asman otlusy” işe girizildi diýip, MyDrivers neşiri habar berýär. Täze ulag ulgamy bir wagtyň özünde 616 ýolagçyny gatnadyp bilýär.

Ýakynda San-Paulu metrosynyň 17-nji — Altyn liniýasynyň synag döwri üstünlikli tamamlandy. BYD kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we prezidenti Wan Çuanfu otlynyň işini hut özi ýerinde barlap gördi.
Täze liniýanyň umumy uzynlygy takmynan 6,7 kilometre barabardyr. SkyRail BYD-nyň öz “Yun” tehnologiýasy esasynda gurlup, hersi 5 wagondan ybarat bolan 14 sany otly toplumyny öz içine alýar. Şeýle hem otlularda maýyplar üçin aýratyn ýerler göz öňünde tutulypdyr.
Resmi açylyş 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. Täze liniýanyň günde 100 müň ýolagçyny gatnatmak mümkinçiligi bar. SkyRail şäheriň beýleki iki metro liniýasy bilen birleşdiriler, bu bolsa San-Paulunyň ulag ulgamyny ep-esli gowulandyrar we şäher ilatynyň gatnawyny has amatly eder.
BYD Brazil SkyRail-iň tehniki direktory Aleksandr Barbosa bu taslamanyň Braziliýada jemgyýetçilik ulagynyň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, BYD-nyň häzirki zaman tehnologiýalary arkaly ekologiýa taýdan arassa şäher ulagyny ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady.


08.09.2025 10:52
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

28.08.2025 15:09
4k+

Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Kofe öndürýän ýurtlar kofe dänelerini hem içerki bazar, hem eksport üçin ösdürip ýetişdirýärler we gaýtadan işleýärler. Dünýäde kofeniň esasy görnüşleri - arabika we robusta bolup, olaryň ösdürilip ýetişdiriliş şertleri düýpgöter tapawutlanýar...

21.08.2025 15:25
2.9k+

Arabika üçin birža bahalary Braziliýadaky ýaramaz howa sebäpli gymmatlady

Arabika kofesi üçin birža bahalary iki aýlyk iň ýokary derejä ýetdi. Kofe däneleri üçin dekabr fýuçersiniň bahasy 19-njy awgustda 3,32% ýokarlanyp, bir funt üçin 3,47 dollara (bir kilogram üçin 7,63 dollar) ýetdi...

11.12.2024 10:09
1.5k+

Braziliýanyň ilçisi Türkmenistanyň wekiliýetini COP30 sammitine gatnaşmaga çagyrdy

10-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marsel Fortuna...