Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýa taýkonawtlaryny gondurmagy meýilleşdirýär

  • 31.10.2025 15:56
  • 3.6k+

Hytaý ekipažly Aý maksatnamasynyň üstünde işlemegini dowam etdirýär we 2030-njy ýyla çenli Aýa taýkonawtlary gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada HHR-iň Uçarmanly kosmos uçuşlary maksatnamasynyň edarasynyň resmi wekili Çžan Szinbo habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, eýýäm missiýanyň esasy komponentlerini – “Çançžen-10” raketa göterijisini, “Mençžou” gämisini, Aý skafandrlaryny, gonuş we gulluk modullaryny, şeýle-de Aýda ýöreýän enjamy taýýarlamak işleri tamamlandy. Szinbo taslamanyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyny belledi.
Taýýarlygyň çäklerinde Hytaý beýleki ýurtlar, şol sanda Russiýa bilen hem hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Mundan öň Moskwa bilen Pekin Halkara ylmy Aý stansiýasyny döretmek şertnamasyna gol çekdi. Onuň gurluşygyny 2028-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu stansiýa geljekki ylmy gözlegler we hytaý taýkonawtlarynyň Aýa gonuşyna taýýarlyk üçin baza bolup hyzmat eder. 


02.06.2026 12:47
5.7k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......