Mercedes-Benz-iň girdejisi amerikan salgytlary sebäpli 31% azaldy

  • 01.11.2025 14:00
  • 3.4k+

Mercedes-Benz Group-yň 2025-nji ýylyň üçünji çärýegindäki arassa girdejisi 1,19 milliard ýewro bolup, bu görkeziji geçen ýyldakydan 31% azdyr diýip, konserniň maliýe hasabatynda  aýdylýar.

Kompaniýa girdejiniň azalmagyny, esasan,  satuwyň peselmegi we Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan onlarça ýurda girizilen import salgytlarynyň täsiri bilen düşündirýär.
Mundan başga-da, konsern Germaniýadaky işgärlere tölenýän işden çykaryş tölegleri hem-de daşary ýurtdaky önümçiligi optimizirlemek üçin ýüzlerçe million ýewro sarp etdi. Umuman, şu maksatlar üçin üçünji çärýekde 876 million ýewro çykdajy edildi.
Mercedes-Benz-iň umumy girdejisi geçen ýylda 34,53 milliard ýewro bolsa, şu ýyl 32,14 milliard ýewro boldy. Kompaniýanyň çaklamasyna görä, 2025-nji ýylda iň iri awtomobil bazarlary — ABŞ, Hytaý we Ýewropa — geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösmeýär. Amerikan bazarynda goşmaça import salgytlary satuwa ýaramaz täsir etdi, Hytaýda bolsa sarp edijileriň isleginiň pes bolmagy we ýerli öndürijiler bilen güýçli bäsdeşlik ýagdaýy döredi.


düýn 12:20
2.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....